Häzirki döwürde daşary ýurt dillerini bilmek şahsy hem-de hünär derejesinde üstünlik gazanmagyň möhüm şertleriniň biridir. Dünýä ykdysadyýeti, ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk we halkara gatnaşyklary giňeldigiçe, daşary ýurt dillerini öwretmegiň döwrebap we netijeli usullaryny ornaşdyrmak zerurlygy artýar. Şunuň bilen baglylykda, okuw-usulyýet tejribesiniň halkara standartlara laýyk kämilleşdirilmegi döwlet derejesindäki möhüm ugurlaryň biri bolup durýar.
Daşary ýurt dilini öwretmegiň baş maksady – ýaşlaryň dil ünsüni ösdürmek, dilleri diňe grammatik taýdan däl, eýsem, kommunikatiw taýdan hem doly derejede ulanmagy başarmaklaryny üpjün etmekdir. Şeýlelikde, daşary ýurt diliniň öwredilmegine aragatnaşygyň we medeni gatnaşyklaryň möhüm bölegi hökmünde garalýar.
Döwrebap okuw-usulyýet çemeleşmeler
1. Kommunikatiw çemeleşme: Bu usulda esasy ähmiýet dil arkaly aragatnaşygyň ösdürilmegine berilýär. Okuwçylar dil gurluşlaryny diňe nazary taýdan däl, eýsem, işjeň gepleşik, sorag-jogap, toparlaýyn iş, roly ýerine ýetirmek ýaly ýagdaýlarda ulanýarlar. Netijede, dil öwrenmek nazaryýetden amala geçýär.
2. Wezipä esasly okuw: Bu usulda dil okuwynyň özeni – durmuşyň hakykatyndaky meseleleri çözmek arkaly öwrenmekdir. Mysal üçin, okuwçylar bir meýilnama düzýärler, mahabat ýazýarlar ýa-da söhbetdeşlik geçirýärler. Şeýlelikde, dil diňe maksatly işiň guraly hökmünde peýdalanylýar.
3. Dilleriň ugurlar boýunça öwredilmegi: Bu usulda okuwçylar bir wagtyň özünde hem mazmun (meselem, biologiýa ýa-da taryh), hem-de dil boýunça bilim alýarlar. Bu usul okuwçylaryň täze maglumatlary öwrenip, dilini baýlaşdyrmagyna mümkinçilik berýär.
4. Sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy: Häzirki wagtda daşary ýurt dilini öwretmekde maglumat tehnologiýalarynyň roly örän uludyr. Onlaýn platformalar (Duolingo we beýlekileri), wideo sapaklar we multimediýa serişdeleri, interaktiw simulýasiýalar we wirtual gepleşik gurallary (emeli aň esasly dil kömekçileri) şolaryň arasynda aýratyn ýer tutýar. Sanly gurallar okuwçylaryň özbaşdaklygyny artdyrýar we her biriniň öwreniş depginine görä işleşmäge mümkinçilik berýär.
5. Oýunlaşdyrylan okuw: Oýun elementleriniň ulanylmagy okuwçylaryň höwesini artdyrýar. Bal toplamak, derejesini ýokarlandyrmak, üstünlikleriň sanawyny görmek ýaly aýratynlyklar okuw prosesini gyzykly edýär.
Daşary ýurt dilini öwretmegiň möhüm tarapy – şol diliň medeniýetini öwretmekdir. Medeni maglumatlar, milli däp-dessurlar, gündelik durmuşdaky gatnaşyklaryň aýratynlyklary dili has çuňňur öwrenmäge ýardam edýär. Şonuň üçin döwrebap okuw maksatnamalarynda «dil we medeniýet» ýörelgesi utgaşykly alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy bilen baglylykda, daşary ýurt dillerini okatmakda hem döwrebap usullar giňden ornaşdyrylýar. Mekdeplerde we ýokary okuw mekdeplerinde multimediýa synp otaglary, interaktiw tagtalar ornaşdyrylýar. Sanly okuw platformalary arkaly onlaýn sapaklar alnyp barylýar. Innowasion okuw-usulyýet kitaplary we elektron sözlükler giňden peýdalanylýar. Şeýle-de halkara hyzmatdaşlyk esasynda daşary ýurtlaryň tejribesi öwrenilip, ýurdumyzyň mugallymlarynyň daşary ýurtlarda bilimlerini ýokarlandyrmagy üçin mümkinçilikler döredilýär.
Daşary ýurt dilini öwretmegiň döwrebap usullarynyň ornaşdyrylmagy okuwçylaryň dil başarnyklaryny ösdürmekde, olary dünýä giňişliginde bäsdeşlige ukyply şahsyýet hökmünde taýýarlamakda uly ähmiýete eýedir. Kommunikatiw, mazmuna esasly we sanly tehnologiýalar bilen utgaşdyrylan çemeleşmeler häzirki zaman dil öwredilişiniň möhüm ýörelgeleridir. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda bu ugurda alnyp barylýan işler ýaşlaryň halkara derejesinde giň mümkinçiliklere eýe bolmagyna ýardam edýär.
Çemen KAKYŞOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň diller kafedrasynyň mugallymy.