Ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň ýanyndaky saýlaw uçastoklarynyň 42-sinde Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary ýokary guramaçylyk derejesinde, saýlawçylaryň işjeň gatnaşmaklarynda geçirildi.
Saýlaw uçastoklary şol uçastogyň ýerleşýän sebitiniň ýerli wagtyna laýyklykda, ir säher bilen açyldy. Jemgyýetçilik-syýasy çäräniň guramaçylary tarapyndan daşary ýurtlarda bilim alýan talyplarymyzyň, şeýle-de saýlaw wagtynda belli sebäplere görä Türkmenistanyň çäginden daşarda bolýan raýatlarymyzyň öz konstitusion hukuklaryndan peýdalanmaklary üçin ähli zerur şertler döredildi.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň beren maglumatlaryna görä, daşary ýurtlarda jemi 12 müň 907 saýlawçy bellige alyndy.