10-njy martda degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri awiasiýa we syýahatçylyk ugurlary boýunça özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri boýunça Aziýanyň Ösüş bankynyň (AÖB) wekilleri bilen onlaýn maslahata gatnaşdylar. Maslahat “Merkezi Aziýa sebitinde ykdysady hyzmatdaşlyk” (MASYH) Maksatnamasynyň çäklerinde guraldy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ta­rap­la­ryň äh­li­si bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge gö­nük­di­ri­len da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­ny dur­mu­şa ge­çir­ýän ýur­du­myz MA­SYH Mak­sat­na­ma­sy­nyň bin­ýat­la­ýyn ýö­rel­ge­le­ri­ni hem-de onuň çäk­le­rin­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän tas­la­ma­la­ry do­lu­ly­gy­na gol­da­ýar.
Ýur­du­myz 2000-nji ýyl­dan bä­ri Azi­ýa­nyň Ösüş ban­ky­nyň ag­za­sy bo­lup dur­ýar hem-de şu ge­çen dö­wür­de bi­le­lik­dä­ki iş­le­riň, şol san­da MA­SYH-nyň çäk­le­rin­de ener­ge­ti­ka, ulag ýa­ly ile­ri tu­tul­ýan pu­dak­lar­da, söw­da ýar­dam et­mek, güm­rük me­se­le­le­ri, sy­ýa­hat­çy­lyk, yk­dy­sa­dy ge­çel­ge­le­ri dö­ret­mek, adam ösü­şi ýa­ly ugur­lar­da üs­tün­lik­li iş­le­me­giň tej­ri­be­si top­la­nyl­dy. Bu mak­sat­na­ma da­ýan­mak bi­len, AÖB Türk­me­nis­ta­nyň ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­ny ma­li­ýe­leş­dir­mä­ge iş­jeň gat­naş­ýar.
Mas­la­ha­tyň bar­şyn­da “2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin mak­sat­na­ma bi­le­lik­dä­ki we dur­nuk­ly ösüş üçin se­bi­ti bir­leş­di­rip” Mak­sat­na­ma­sy­nyň esa­sy ugur­la­ry­na, şo­nuň ýa­ly-da kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ber­kit­me­giň me­se­le­le­ri­ne uly üns be­ril­di. AÖB ta­ra­pyn­dan bu res­mi­na­ma­da dur­mu­şa ge­çir­mek üçin bel­le­ni­len gel­je­gi uly we­zi­pe­le­riň mil­li ösüş me­ýil­na­ma­la­ry hem-de Dur­nuk­ly Ösüş Mak­sat­la­ry (DÖM) bi­len saz­laş­ýan­dy­gy nyg­tal­dy.
* * *
Şol gün Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de «Bü­tin­rus­si­ýa döw­let te­le­ra­dio gep­le­şik­ler kom­pa­ni­ýa­sy» fe­de­ral döw­let uni­tar kär­ha­na­sy­nyň (WGTRK) baş di­rek­to­ry­nyň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry An­ton Zla­to­pols­kiý bi­len on­laýn gör­nü­şin­de du­şu­şyk ge­çi­ril­di. Onuň bar­şyn­da köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ug­ry bo­ýun­ça mag­lu­mat­la­ry alyş­mak hem-de öza­ra hyz­mat­daş­lyk ba­ba­tyn­da gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­me­giň gel­je­gi ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Du­şu­şyk­da Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň hem-de WGTRK fe­de­ral döw­let uni­tar kär­ha­na­sy­nyň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da­ky Äht­na­ma gol çe­kil­di.
* * *
9-njy mart­da Ame­ri­ka­nyň mu­zeý işi­ni gu­ra­mak ba­bat­da ýö­ri­te­leş­di­ri­len «Gal­lag­her & As­socia­tes» kom­pa­ni­ýa­sy­na de­giş­li Smit­son ins­ti­tu­ty­nyň mil­li ta­ryh mu­ze­ýi­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi­niň we­kil­le­ri­niň, mu­zeý­le­riň hem-de ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň iş­gär­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da on­laýn gör­nüş­de mas­la­hat ge­çi­ril­di.
Mas­la­ha­tyň gün ter­ti­bi­ne na­za­ry we ama­ly me­se­le­le­ri­niň bir­nä­çe­si gi­ri­zil­di. Du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­lar mu­zeý işi ba­bat­da top­lan tej­ri­be­le­ri­ni alyş­ma­gyň hem-de de­giş­li ugur­da hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di­ler.