Şu ýy­lyň 9-njy no­ýab­ryn­da Daş­kent şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň 16-njy sam­mi­ti se­bit­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gyň aja­ýyp my­sa­ly, pa­ra­hat­çy­ly­gy hem dur­nuk­ly ösü­şi ber­kit­mä­ge ta­ýyn­ly­gy­ny gör­kez­ýän ta­ry­hy wa­ka bol­dy. Türk­me­nis­tan özü­niň Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­si­ne eýe­rip, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy hem­me­ta­rap­la­ýyn gi­ňeld­ýär. Ýur­du­myz hal­ka­ra gat­na­şyk­lar­da iş­jeň he­re­ket edip, dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy üp­jün et­mek­de anyk baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­ýär. Hä­zir­ki wagt­da döw­rüň ta­lap­la­ryn­dan ugur al­ýan köp san­ly baş­lan­gyç­la­ry, äh­lu­mu­my gün ter­ti­bi­niň mö­hüm me­se­le­le­ri, yna­nyş­mak, bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny iş­jeň­leş­dir­mek bo­ýun­ça öňe sür­ýän tek­lip­le­ri ýur­du­my­zyň köp­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry pa­ra­hat­çy­lyk­ly we dip­lo­ma­tik ýol bi­len ös­dür­mek bo­ýun­ça umu­my ta­gal­la­la­ra goş­ýan ägirt uly go­şan­dy­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sam­mit­de eden çy­ky­şyn­da ulag ul­ga­my­nyň hyz­mat­daş­ly­gyň stra­te­gik ug­ry bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny we şeý­le bol­ma­gyn­da-da gal­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek bi­len, YHG-nyň ýurt­la­ry­na Bi­le­lik­dä­ki ulag-lo­gis­ti­ka mer­kez­le­ri­ni dö­ret­mek tek­li­bi­ni öňe sür­di. Onuň esa­sy we­zi­pe­si se­bit­de ulag mer­kez­le­ri­ni dö­ret­mek, tä­ze üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri ke­ma­la ge­tir­mek we hä­zir bar bo­lan­la­ry­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, döw­let­le­ri­mi­ziň çä­gin­den geç­ýän hal­ka­ra ulag ýol­la­ry­nyň ug­run­da güm­rük, mig­ra­si­ýa we beý­le­ki iş­le­ri ka­da­laş­dyr­mak, saz­laş­dyr­mak me­se­le­le­ri­ne ga­ra­mak bi­len bag­ly bo­lup bi­ler. Döwlet Baştutanymyzyň bel­leý­şi ýa­ly, Hy­taý­dan Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň üs­ti bi­len Ha­zar deň­zi­niň, Pars aý­la­gy­nyň we Ga­ra deň­ziň port­la­ry­na çyk­mak ar­ka­ly mul­ti­mo­dal ýük da­şal­ma­gy­ny ýo­la goý­mak me­se­le­le­ri­niň gel­jek­de ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ma­gy ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň bi­ri­dir.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne aç-açan in­no­wa­si­ýa hä­si­ýe­ti­ni ber­me­gi we san­ly öz­gert­me­le­ri ge­çir­me­gi hä­zir­ki döw­rüň iň mö­hüm me­se­le­si ha­sap­la­ýan­dy­gy­ny be­ýan edip, San­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar we elekt­ron söw­da bo­ýun­ça YHG-nyň Çar­çu­wa­ly Yla­la­şy­gy­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­gy tek­lip et­di. Köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek ba­bat­da ýurt­la­ry­my­zyň eýe bo­lan müm­kin­çi­lik­le­ri­dir me­ýil­le­ri ha­kyn­da has giň­den ha­bar­dar bol­mak üçin anyk mag­lu­mat­la­ry, tek­lip­le­ri, işe­wür­lik tas­la­ma­la­ry­ny we beý­le­ki ze­rur mag­lu­mat­la­ry öz içi­ne al­ýan mag­lu­mat por­ta­ly­ny dö­ret­mek ba­ra­da­ky pi­ki­re se­ret­me­gi tek­lip ed­ýä­ris diý­mek bi­len, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz san­ly ul­gam­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­me­gi­niň wa­jyp­dy­gy­ny mä­lim et­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry ba­ra­da hem du­rup ge­çip, YHG-nyň ýurt­la­ry­na ibe­ril­ýän te­bi­gy ga­zyň we elekt­roe­ner­gi­ýa­nyň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­ma­ga Türk­me­nis­ta­nyň taý­ýar­dy­gy­ny bel­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň mej­lis­de eden ta­ry­hy çy­ky­şyn­dan ge­lip çyk­ýan mö­hüm we­zi­pe­le­ri iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mek ug­run­da hem de­giş­li iş­le­riň ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ýa­kym­ly­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bir­nä­çe mö­hüm tek­lip­ler taý­ýar­la­nyp, ola­ryň esa­syn­da 2024-nji ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de Ar­ka­dag şä­he­rin­de Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça mi­nistr­ler de­re­je­sin­dä­ki bi­rin­ji fo­ru­my­ny ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şeý­le hem se­bit hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lan sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­myn­da hem hyz­mat­daş­ly­gy has-da pug­ta­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len Ma­ry şä­he­ri­ni 2027-nji ýyl­da «Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň sy­ýa­hat­çy­lyk paý­tag­ty» di­ýip yg­lan et­mä­ge gö­nük­di­ri­len çä­re­le­ri gör­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Ma­ry şä­he­ri özü­niň ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri bi­len köp san­ly ýurt­la­ryň ja­han­keş­de­le­ri­ni özü­ne ben­di ed­ýär.
Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, 1985-nji ýyl­da Eý­ran, Pa­kis­tan we Tür­ki­ýe ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len bu iri gu­ra­ma­nyň ag­za­ly­gy­na 1992-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baý­ja­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň, Tä­ji­gis­ta­nyň hem-de Ow­ga­nys­ta­nyň ka­bul edil­me­gi bi­len, ol öz ge­ri­mi­ni gi­ňel­dip, işi­ni has-da iler­let­di. Gu­ra­ma­nyň işi­niň esa­sy mak­sat­la­ry we ugur­la­ry ag­za döw­let­le­riň yk­dy­sa­dy, teh­ni­ki, me­de­ni hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mek­den, ola­ryň dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne yzy­gi­der­li ut­ga­şy­gy­ny ga­zan­mak­dan, se­bi­tiň dün­ýä söw­da­syn­da­ky or­nu­ny art­dyr­mak­dan, şeý­le-de äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gy üp­jün et­mek­den yba­rat­dyr. YHG-nyň ta­ry­hy­na ser sal­sak, ge­çen 31 ýy­lyň için­de Türk­me­nis­tan gu­ra­ma­nyň çä­gin­de se­bi­ta­ra tas­la­ma­la­ryň bir­nä­çe­si­ni dur­mu­şa ge­çi­ren­di­gi­ni gör­mek bol­ýar.

Ýaz­ma­ral WEL­LE­KO­WA,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.