Il­ki­dur­muş adam­la­ry öz güýç­le­ri bi­len bir­nä­çe ton­na­lyk daş­la­ry hä­zir­ki Uel­siň çäk­le­rin­den Stoun­hen­je da­şap­dyr­lar. Abe­ris­tu­wit uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry bu ba­bat­da öň­den bä­ri öňe sü­rül­ýän çak­la­ma­ny tas­syk­lap, şeý­le ne­ti­jä gel­di­ler.
Alym­lar ag­ra­my 3-4 ton­na deň bo­lan gök daş­la­ryň buz­luk ar­ka­ly Sa­lis­bu­ry düz­lü­gi­ne ge­ti­ri­lip bi­lin­jek­di­gi ba­ra­da­ky pi­ki­ri ret et­di­ler. Bu ägirt uly me­ga­lit des­ga, tak­my­nan, 5 müň ýyl ozal bu düz­lük­de gur­lup­dyr. “The Dai­ly Ma­il” ga­ze­ti­niň ýa­zy­şy ýa­ly, bar­lag ge­çi­ri­ji­ler hi­mi­ki der­ňew ge­çi­rip, daş­la­ryň Kreýg Ros-y-Fe­li­niň ga­ýa mas­si­win­dä­ki daş­la­ryň dü­zü­mi bi­len meň­zeş­di­gi­ni tas­syk­la­dy­lar. Ol Stoun­henj­den, tak­my­nan, 200 ki­lo­metr uzak­lyk­da ýer­leş­ýär.
“Eger-de neo­lit adam­la­ry bir da­şy on­lar­ça metr süý­şü­rip bil­ýän bol­sa, diý­mek ony on­lar­ça ýa-da ýüz­ler­çe ki­lo­met­re çen­li hem süý­şü­rip bi­ler­ler. Bu aň­sat iş däl, ýö­ne bo­lup bil­jek zat” diý­lip be­ýa­nat­da bel­le­nil­ýär.
Mun­dan ozal alym­lar, Stoun­henj top­lu­my­nyň bir bö­le­gi bo­lan be­ýik­li­gi 7 met­re çen­li we ag­ra­my 40 ton­na çen­li bo­lan uly daş­la­ryň, tak­my­nan, 30 ki­lo­metr uzak­lyk­dan al­nan­dy­gy we 6 ton­na ag­ram­ly gur­ban­lyk da­şy­nyň Şot­lan­di­ýa­nyň de­mir­ga­zyk-gün­do­ga­ryn­dan ge­ti­ri­len­di­gi ba­ra­da ne­ti­jä ge­lip­di­ler.
Abe­rys­tuit uni­wer­si­te­ti­niň alym­lar to­pa­ry buz­la­ryň daş­la­ry da­şa­mak­da mö­hüm rol oý­nan­dy­gy ba­ra­da­ky pi­ki­ri ret et­di we bu ha­ky­kat bol­sa, daş­la­ryň di­ňe Stoun­henj se­bi­tin­de jem­len­män, jül­gä­niň hem­me ýe­rin­den ta­pyl­jak­dy­gy­ny öňe sür­dü­ler.
Bi­ziň eý­ýa­my­myz­dan öň 3000-2000-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da Sols­be­ri düz­lü­gin­de 7 met­re çen­li be­ýik daş­lar to­pa­ry gu­rul­ýar. Lon­don­dan 130 ki­lo­metr uzak­lyk­da ýer­leş­ýän bu ýa­dy­gär­lik asyl gör­nü­şin­de sak­la­nyp gal­man­dyr. Stoun­henj we onuň daş-tö­we­re­gi 1986-njy ýyl­da ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di. Dür­li pi­kir­le­re gö­rä, Stoun­henj ga­dy­my ob­ser­wa­to­ri­ýa, yba­dat­ha­na, Gün se­ne­na­ma­sy, hat­da äpet saz gu­ra­ly bo­lup­dyr. Onuň ni­ýet­le­nen mak­sa­dy ba­ra­da­ky je­del­ler eý­ýäm se­kiz asyr­dan gow­rak wagt bä­ri do­wam edip gel­ýär.