10-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli dabaralar Daşoguz welaýatynyň edara ediş merkezinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň düýbi tutuldy.
Dabarada edilen çykyşlarda nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän nusgalyk işleriň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy düýpgöter özgerýär, ilatyň saglyk ýagdaýy has-da gowulanýar, adamlaryň ömrüniň ortaça dowamlylygy artýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa bu möhüm ugurdaky utgaşdyrylan işleriň binýady bolup hyzmat edýär. Bu ugurdaky işler dünýä jemgyýetçiliginiň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň iri düzümleriniň — Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG), Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ykrarnamasyna eýe boldy. Ýurdumyz çagalaryň saglygyny goramak babatda bu guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär diýip bellediler.
Soňra ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýadygärlik ýazgy ýerleşdirilen gutujyk gurluşyk meýdançasyna atylyp, merkeziň düýbi tutuldy. Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň düýbüniň tutulmagy mynasybetli geçirilen dabaranyň çäklerinde saglygy goraýyş işgärleri we dabaranyň myhmanlary ýaş nesil hakynda edýän atalyk aladalary, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.