16-njy oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Daşoguz welaýatynda Türkmen-özbek dostluk festiwalyny geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, dostluk festiwalyny, özbek tarapy bilen ylalaşyga laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 16-17-nji noýabrda geçirmek teklip edilýär. Festiwalyň çäklerinde iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki konsertini, döredijilik duşuşyklaryny, doganlyk halklaryň amaly-haşam sungatynyň sergisini guramak, sahna oýunlarynyň, filmleriň görkezilişi göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz öňde boljak döredijilik forumynyň gadymyýetden gaýdýan dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan, iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirip, festiwalyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.