Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen daýhanlarymyzyň öndürijilikli zähmet çekmekleri, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen baýamaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle şertlerden peýdalanyp, ussat kärendeçilerimiz, hususy önüm öndürijilerimiz, mehanizatorlarymyz, alymlarymyz, bugdaýy ösdürip ýetişdirmekde we ýitgisiz ýygnap almakda agzybir hem-de yhlasly zähmet çekýärler. Welaýatlarymyzyň etraplaryndaky gallaçylyk hojalyklarynyň, hususy önüm öndürijileriň, öňdebaryjy gallaçy daýhanlaryň we ähli oba hojalyk işgärleriniň uly goşandy bilen ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin gallanyň bol hasyly öndürilip ýetişdirilýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 29-njy maýynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge uly üns berilýändigini, döwletimiz tarapyndan ýerden bol hasyl almak boýunça daýhanlarymyz üçin zerur şertleriň döredilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň şu ýyl hem ýurdumyzyň welaýatlarynda gallanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini kanagatlanma bilen bellemegi, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 4-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 11-nji iýunda galla oragyna başlamaga ak pata bermegi, hormatly ýaşululardan galla oragyna «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş edip, zähmetsöýer gallaçy daýhanlara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etmegi ýurdumyzyň her bir raýatynyň, ilkinji nobatda, döwletimiziň edermen gallaçylarynyň buýsanjyny goşalandyrdy.
Ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň oba hojalyk pudagyny düýpli özgertmek, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalaryny yzygiderli satyn almak, topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler bilen üpjün etmek hem-de ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak arkaly ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda däneli ekinleri öndürmek, taýýarlamak, gaýtadan işlemek, saklamak, ýerlemek, daşamak we peýdalanmak boýunça işiň hukuk esaslaryny belleýän «Däneçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hereket etmegi hem bu ugurda ýüze çykýan jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Şu ýyl ýurdumyzyň gallaçylaryna ekiş üçin bölünip berlen 690 müň gektar ýerden 1 million 400 müň tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 400 müň, Mary welaýatynda 345 müň, Lebap welaýatynda 310 müň, Daşoguz welaýatynda 265 müň we Balkan welaýatynda 80 müň tonna ak bugdaýyň hasylyny ýygnamak wezipesi öňde goýuldy. Ekerançylyk ýerlerinde bugdaýyň bol hasyl berýän görnüşleri ösdürilip ýetişdirildi.
Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlaryny dolanyşyga girizmek Türkmenistanda ekerançylyk pudagyny ösdürmek boýunça täzeçil strategiýanyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik instituty tarapyndan «Serdar», «Arkadag», «Pyragy» ýaly güýzlük bugdaýyň täze görnüşleriniň döredilmegi we ýetişdirilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr.
Ýurdumyzyň bereket eçilýän meýdanlarynda bişen bugdaýy ýitgisiz ýygnap almak işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Munuň üçin kombaýnlar, bugdaý daşajak ýük awtoulaglary, tereziler möwsüme irgözinden taýýarlanyp, oba zähmetkeşleri galla oragyny ykjam we guramaçylykly alyp barýarlar.
Saparmyrat MUKYMOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň maldarçylyk önümlerini gaýtadan işlemek kafedrasynyň uly mugallymy.