Ýurdumyzda ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­ga­my ösüş­le­re bes­len­ýär. Bu ugur­da di­ňe ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­de däl, eý­sem, hal­ka­ra de­re­je­sin­de hem giň ge­rim­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şo­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­ny di­kelt­mä­ge gö­nük­di­ri­len «Bir gu­şak, bir ýol» tas­la­ma­sy tap­gyr­la­ýyn dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Türk­me­nis­tan beý­le­ki ýurt­lar bi­len bir­lik­de Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy bi­len dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny bar­ha ös­dür­ýär. Dür­li ugur­lar­da en­çe­me res­mi­na­ma­la­ra gol çe­ki­lip, Yla­la­şyk­lar bag­la­şyl­dy. Ýa­kyn­da türk­men we­ki­li­ýe­ti Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň ag­za döw­let­le­ri­niň de­mir ýol ulag­la­ry ge­ňe­şi­niň 82-nji mej­li­si­ne gat­naş­dy. Onuň çä­gin­de Öz­be­gis­ta­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň we Eý­ra­nyň de­mir ýol eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň ara­syn­da üç­ta­rap­la­ýyn gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di. Du­şu­şyk­da de­mir ýol ulag­la­ry­nyň goş­ma­ça muk­da­ry­ny çek­mek we lo­gis­ti­ka ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň ug­ry bo­ýun­ça «Öz­be­gis­tan – Türk­me­nis­tan – Eý­ran» hal­ka­ra mul­ti­mo­dal ulag ge­çel­ge­le­ri­ni ös­dür­mek me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Ýur­du­myz­da hä­zir­ki za­man lo­gis­ti­ka ul­ga­my­ny dö­ret­mek hem-de Ýew­ro­pa bi­len Azi­ýa­nyň ara­syn­da gat­naw­la­ry gi­ňelt­mek bo­ýun­ça bir­nä­çe iri tas­la­ma­la­ryň üs­tün­de iş­le­nil­ýär. Ola­ryň çäk­le­rin­de De­mir­ga­zyk–Gü­nor­ta we Gün­do­gar–Gün­ba­tar hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­le­ri dö­re­dil­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň köp şa­ha­ly we howp­suz hal­ka­ra ulag dü­züm­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­mek bo­ýun­ça baş­lan­gyç­la­ry dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň, şol san­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň giň gol­da­wy­na eýe bol­ýar. Ulag pu­da­gy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­mak­da ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­re syn ede­niň­de, ýur­du­my­zyň üs­ta­şyr ulag ul­ga­myn­da­ky kuw­wa­ty­nyň ulu­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar.

Mi­räh­met AB­DY­SA­LA­MOW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.