Esasan, dagdyr depeleriň belentlikleri barada gürrüň edilende «deňiz derejesinden pylança metr beýik» diýilýär. Eýsem, deňiz derejesi nähili kesgitlenýär? Bu ölçeg diňe belentligi däl, eýsem, suwuň çuňlugyny aňlatmak üçin hem ulanylýar. Islendik deňze ýa-da ummana baranymyzda onuň ýüzi deňiz derejesiniň 0-njy metri bolmaýar. Käbir deňizleriň deňiz derejesi belli döwürlerde tolkunlar, atmosferanyň basyşy we ýel ýaly tebigy hadysalar sebäpli gysga wagtlyk üýtgeýär. Bu üýtgeşmeler, esasan, atmosferanyň howasynyň üýtgemegi bilen bagly bolýar. Ýeriň ortaça deňiz derejesi ýyllaryň dowamynda hem azda-kände üýtgeýär. Mysal üçin, 1946-njy we 1956-njy ýyllar aralygynda ýylda 5,5 mm ýokarlanypdyr. XX asyryň başyndan bäri deňiz derejesiniň ýokarlanmagy dowam edýär. 1900-njy we 2016-njy ýyllar aralygynda deňiz derejesi 16-21 sm ýokarlandy. Bu ýagdaý, esasan, deňiz suwunyň ýylamagy we buzluklaryň eremegi bilen baglydyr.
Edil gury ýer ýaly deňziň ýüzi hem bütin dünýäde deň däl. Demirgazyk Amerikanyň günbatar kenaryndaky deňiz derejesi Demirgazyk Amerikanyň gündogar ýakasyndaky deňiz derejesinden 20 santimetr töweregi beýikdir. Deňiz derejesi basyş, ýel, Aýyň Ýere golaýlap-uzaklaşmagy netijesinde emele gelýän joşgun-gaýtgyna görä, paslyň çalyşmagy netijesinde garyň eremegi, ýagyş ýagmagy ýaly tebigy hadysalaryň netijesinde üýtgeýär.
Ýuwaş ummanynyň günbatar ýakasy gündogaryndan ýarym metr töweregi beýikdir. Bu ýagdaý Ýer togalagynyň öz okunyň daşyndan aýlanmagynyň täsiri netijesinde emele gelýär. Suwly gaby birden özüňize çekseňiz, içindäki suw öňki duran ýerinde galmak isleýän ýaly aňyrlygyna süýşýär we şol tarapdaky suw beýgelýär. Ýuwaş ummanyndaky ýagdaý hem şoňa meňzeýär. Ýeriň gündogara aýlanmagy suwuň ummanyň günbatarynda üýşmegine sebäp bolýar.
Deňiz derejesini ölçemek üçin dürli usullardan peýdalanylýar. Munuň üçin deňiz kenarlarynda suwuň derejesini we tolkuny ölçeýän görkezijilerden hem-de emeli hemralardan peýdalanylýar. Emeli hemralar tolkun ölçeýjilerden tapawutlylykda ummanlardaky suwuň beýikligindäki üýtgeşmeleri hem hasaba alýar. Munuň üçin emeli hemralar arkaly ummanyň ýüzüne mikrotolkun iberilip, yzyna gelýän wagty ölçelýär. Soňky ýyllarda işlenip taýýarlanan emeli hemralar has takyk maglumatlary almaga mümkinçilik berýär. Bu maksat bilen emeli hemralar 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri ulanylýar. Deňiz kenarlarynda, adalarda suwuň derejesini ölçeýän görkezijiler bolsa has irki döwürlerden bäri peýdalanylýar.
Ýer ýüzüniň her sebiti üçin deňiz derejesini kesgitleýän tolkun ölçeýjiler bolýar. Polşada we ozalky Sowet Soýuzynyň ýurtlarynyň köpüsinde Baltika deňziniň ortaça derejesini hasaplaýan Kronştadtdaky tolkun ölçeýjiden peýdalanylýar. Günbatar Ýewropa ýurtlaryndaky çuňluklar we beýiklikler Amsterdamdaky tolkun ölçegine görä hasaplanýar. Demirgazyk Amerikada Kanadanyň Rimuski şäherindäki, Hytaýda Sindao şäherindäki ölçege salgylanylýar.