Bi­ler­men­ler de­ňiz ke­nar­la­ryn­da dynç al­ma­gyň ada­my ra­hat­lan­dyr­mak bi­len bir ha­tar­da, sag­lyk üçin peý­da­sy­nyň uludygyny bel­le­ýär­ler. Deň­iz su­wun­da or­ta­ça 3,5 gö­te­rim duz (nat­riý hlo­rid) bar. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, bir litr deňiz suwun­da 35 gram duz sak­lan­ýar. Deň­ziň göm-gök su­wu­na çüm­mek, ho­wa­syn­dan dem al­mak, tol­kun­la­ryň se­si­ni diň­le­mek – bu­lar el­ýet­mez be­jer­gi­ler ha­sap­lan­ýar. Ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ra ser sa­la­nyň­da hem, de­ňiz su­wu­nyň adam sag­ly­gy­ny be­jer­mek­de peý­da­la­ny­lan­dy­gy ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ra duş ge­lin­ýär. Ge­liň, to­mus pas­lyn­da iň köp dynç alyn­ýan ýer­le­riň bi­ri bo­lan de­ňiz ke­na­ry­nyň we de­ňiz su­wu­nyň peý­da­ly ta­rap­la­ry­ny öw­re­ne­liň!
De­ňiz su­wu­nyň de­ri üçin peý­da­ly­dy­gy­ny bil­me­ýän adam ýok bol­sa ge­rek. Şol se­bäp­li de­ňiz su­wy kos­me­ti­ka we der­man se­na­ga­tyn­da giň­den ula­nyl­ýar. De­ňiz su­wu­nyň dü­zü­min­dä­ki mag­niý de­ri­niň ýaş we çe­ýe gö­rün­me­gi üçin mö­hüm mi­ne­ral ha­sap­lan­ýar.
Ýüz­dä­ki we be­den­dä­ki dü­wür­tik­le­ri gu­rat­mak­da de­ňiz su­wu­na ýu­wun­mak amat­ly usul­la­ryň bi­ri­dir. Mun­dan baş­ga-da, de­ri­dä­ki teg­mil­le­ri aýyr­mak­da hem de­ňiz su­wu­nyň peý­da­sy ulu­dyr.
De­ňiz su­wun­da­ky mag­niý, brom we li­tiý mad­da­la­ry ala­da­lan­mak we ga­har­lan­mak ýa­ly nerw bo­zul­ma­la­ry­ny be­jer­mek­de äh­mi­ýet­li­dir. Bu mad­da­lar beý­ni­dä­ki me­la­to­ni­niň we se­ro­to­ni­niň de­re­je­si­ni deň­leş­di­rip, ada­myň özü­ni ra­hat duý­ma­gy­na kö­mek ed­ýär.
Deň­ziň duz­ly su­wy sa­çyň go­ňak­la­ma­sy­nyň öňü­ni al­ýar. Şeý­le hem de­ňiz su­wy go­ňa­gy aýyr­mak­da hem peý­da­ly bo­lup, sa­çyň ýal­pyl­dap dur­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär.
De­ňiz su­wun­da­ky ýod im­mu­ni­te­ti güýç­len­dir­ýär. Mun­dan baş­ga-da, de­ňiz su­wun­da­ky wi­ta­min­ler­dir mi­ne­ral­lar al­ler­gik ke­sel­le­ri be­jer­mek­de, ýo­kanç­lyk­la­ra gar­şy gö­reş­mek­de, be­den­dä­ki kö­me­lek­le­ri we bak­te­ri­ýa­la­ry ýok et­mek­de peý­da­ly­dyr.
Deň­ziň ke­na­ryn­da dem al­mak ar­ka­ly dem­gys­ma we üs­gü­le­wük ýa­ly dem alyş ýol­la­ry bi­len bag­ly nä­hoş­luk­la­ry ara­dan aý­ryp bol­ýar. Şeý­le hem deň­ziň ke­na­ryn­da maşk et­mek ýa-da yl­ga­mak öý­ke­niň kuw­wa­ty­ny artdyrýan fi­zi­ki be­jer­gi­le­riň bi­ri­dir.