Dünýäde deňiz ýyldyzynyň
2 müňden gowrak görnüşi duş gelýär.
«Ýyldyz balygy» (starfish) diýilýändigine garamazdan bu jandar balyk hasaplanmaýar. Deňiz ýyldyzy deňiz jandarlarynyň oňurgasyzlar görnüşine degişlidir.
Deňizde 35 ýyla çenli ýaşaýan bu jandarlaryň göwresiniň diametri 30-40 santimetre ýetýär.
Deňiz ýyldyzlary ýüzgüçleriniň ýokdugy sebäpli, balyklar ýaly ýüzüp bilmeýärler. Diňe pyrlampaç ýaly aýlanyp hereket edýärler.
Köplenç deňiz ýyldyzyny 5 aýakly (bäşburç) jandar hökmünde suratlandyrýarys. Ýöne bu jandaryň 6, 7, 10, 20, hatda 50 aýakly görnüşleri hem duş gelýär. Deňiz ýyldyzynyň bedenini (aýagyny) gaýtadan dikeltmek ukyby bar.
Daşy syh-syh tikenli deňiz ýyldyzlary Hindi we Ýuwaş ummanynda duş gelýär. Deňiz ýyldyzynyň bu görnüşiniň arkasyndaky tikenleri ýyrtyjylardan goranmagyna kömek edýär.
Bäşburçly ýyldyza meňzeýän bu deňiz jandarynyň 2 garny bar.
Owadan ýyldyzlar 9 müň metr çuňlukdaky merjen gaýalaryndan başlap, 50 metr çuňlukdaky çägeli ýalpak deňiz kenarlaryna çenli deňziň dürli ýerlerinde duş gelýär.
Deňiz ýyldyzy süýji suwda ýaşap bilmeýär.
Ýyldyza meňzeş bu jandarlar mollýusk, ulitka we leňňeç ýaly ownuk jandarlar bilen iýmitlenýärler.
Deňiz ýyldyzynda beýni hem-de gan bolmaýar. Bu jandaryň hereket etmek we ýokumly maddalar bilen bedenini üpjün etmek üçin suw damar ulgamy bar.
Deňiz ýyldyzynyň bedeniniň arka ýüzünde ýüzlerçe turba görnüşli kiçijik sorujy kanallary bar. Sorujy turbajyklar arkaly bu jandar gerek bolan iýmiti özüne siňdirýär.
Deňiz ýyldyzynyň her aýagynyň ujunda garaňkyda hem görmäge mümkinçilik berýän nokada meňzeş gözleri bar.
PDF









