ABŞ-nyň Keýp Kod ýa­rym ada­sy­nyň go­la­ýyn­da ge­çi­ri­len bu­raw­la­ýyş iş­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de um­ma­nyň düý­bün­de ga­ra­şy­lan­dan has köp muk­dar­da süý­ji suw ýa­ta­gy ta­pyl­dy. Alym­lar bu suw go­ru­nyň bu­zuň ere­me­gi ýa-da ýa­gyn su­wu­nyň ýe­ras­ty su­wa ga­ryş­ma­gy ne­ti­je­sin­de eme­le ge­len­di­gi­ni çak­la­ýar­lar. Bu açyş suw ýet­mez­çi­li­gi bolan ke­nar­ýa­ka ýer­ler­de hem su­wuň bo­lup bil­jek­di­gi­ni gör­kez­ýär. Em­ma deň­ziň düý­bün­dä­ki ýe­ras­ty su­wy çy­kar­mak adat­da­ky­dan has kyn bo­lar. Bu ýer­den ta­py­lan su­wuň la­bo­ra­to­ri­ýa­da öw­re­nil­jek­di­gi mä­lim edil­di. Yl­my bar­la­ga gat­na­şan Bran­don Dýu­gan açy­şyň äh­mi­ýet­li­di­gi­ne ün­si çe­kip, «Ýer ýü­zün­de süý­ji su­wuň göz­le­nip bi­lin­jek iň soň­ky ýe­ri­ şor suw­ly um­ma­nyň as­ty­dyr. Ýag­ny bu düý­bün­den baş­ga bir syr. Süý­ji suw il­ki­baş­da çak­la­ý­şy­myz­dan has saý ýer­de ta­pyl­dy we has çuň­luk­la­ra uzap gid­ýär. Bu bol­sa, çak edi­şi­miz­den has köp möç­ber­de su­wuň bar­dy­gy­ny aň­lad­ýar» di­ýip bel­le­di.

Selbi ANNAMYRADOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.