Angliýanyň çempionaty “Premier Ligada” 4-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Tapgyryň merkezi duşuşygynda, Mançester derbisinde şäheriň gök reňkli topary ýeňiş gazandy. Ýagny “Mançester Siti öz meýdançasynda “Mançester Ýunaýtedi” Foden (18) hem-de Holannyň (53, 68) gollary bilen 3-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.
Soňky çempion “Liwerpul” myhmançylykda “Börnli” toparyny 1-0 hasabynda ýeňdi. Liwerpul toparyna ýeňiş getiren ýeke-täk goly 90+4-nji minutda penaltiden Mohamed Salah geçirdi. Şunlukda, Salahyň APL-däki gollarynyň sany 188-e ýetip, ol Endi Kouldan öňe saýlandy we 4-nji orna beýgeldi.
“Arsenal” öz meýdançasynda Anž Postekogluny wezipä bellän “Nottingam Forest” toparynyň derwezesinden jogapsyz 3 gol girizdi. Gollaryň 2-sini Zubimendi (32, 79), beýlekisini-de Gýokereş (46) geçirdi.
Şol netije “West Ham” bilen “Tottenhamyň” arasyndaky oýunda-da hasaba alnyp, myhmanlar ýeňşini baýram etdi. Duşuşykda “Tottenhamyň” gollaryny Sarr (47), Bergwall (57) hem-de Wan de Wen (64) geçirdi.
Başga bir London derbisinde bolsa “Brentford” bilen “Çelsi” 2-2 hasabynda deňme-deň oýnap utuklary paýlaşdy (Şade 35, Karwalýo 90+3 – Palmer 61, Kaisedo 85).
Myhmançylykda “Ewerton” bilen golsuz deňme-deň oýnan “Aston Willa” topary 4-nji tapgyrda-da ýeňiş gazanyp bilmedi.
Arsenal – Nottingam Forest: 3-0,
Bornmut – Braýton: 2-1,
Kristal Palas – Sanderland: 0-0,
Nýukasl – Wulwerhempton: 1-0,
Fulham – Lids: 1-0,
Ewerton – Aston Willa: 0-0,
West Ham – Tottenham: 0-3,
Brentford – Çelsi: 2-2,
Börnli – Liwerpul: 0-1,
Mançester Siti – Mançester Ýunaýted: 3-0