Howanyň yssy günlerinde iň köp ulanylýan parfýumeriýa önümleriniň biri hem dezodorant bolsa gerek. Hünärmenler derlemegiň öňüni alýan bu önümiň zyýanly täsirlerinden gaça durmak üçin dezodoranty dogry saýlamagy maslahat berýärler. Derä gönümel täsir edýän sowadyjy we ys beriji bu önümiň düzüminde köp mukdarda himiki maddalar saklanýar. Şol sebäpli dezodorantyň gowusyny we saglyk üçin zyýansyz görnüşini saýlamaklyga üns bermeli. Dezodorant alnanda göz öňünde tutulmaly zatlar:
Himiki maddalardan ýasalan dezodorantlardan gaça durup, tebigy maddalary özünde jemleýän dezodorant saýlamaga çalyşmaly. Deri üçin mylaýym bolan tebigy dezodorantlar nahar sodasyndan, mineral daşlardan, kokos miwesiniň, lawanda gülüniň, çaý ösümliginiň, kakao agajynyň ýagyndan, otlaryň we gülleriň suwundan taýýarlanylýar.
Hünärmenler düzüminde alýumin maddasy, parabens, ftalat ýaly himiki maddalar bolmadyk dezodorant saýlamagy maslahat berýärler. Bu maddalar saglyk üçin örän zyýanly hasaplanýar.
Parfýumeriýa we hoşboý ysly maddalar käbir adamda allergik täsirler döredip bilýär. Bu ýagdaýlaryň öňüni almak üçin ilki saýlan dezodorantyňyzy bir-iki gezek sepinip, synap görmeli. Eger-de allergik täsirler ýüze çyksa, ulanmagy bes etmeli we başga görnüşini saýlamaly.
Dezodoranty deriniň görnüşine we ýagdaýyna görä saýlamaly. Mysal üçin, gury deri üçin nemlendiriji dezodorantlar maslahat berilýär. Ýagly deri üçin guradyjy we serginlediji dezodorant laýyk bolar. Aşa duýgur deri üçin bolsa, alkogolsyz we yssyz, dermatologik taýdan barlagdan geçirilen parfýumeriýa önümleri peýdalydyr.
Näme tapawudy bar?
Parfýumeriýa dükanyna barlanda, köplenç «Antiperspirant bilen dezodorantyň arasynda näme tapawut bar?» diýen sowal ýüze çykýar. Antiperspirant önümi derlemegiň öňüni alyp, derini guradýar. Adam bedeni tebigy ýagdaýda der öndürýär. Derlemek arkaly bedendäki artykmaç maddalar we toksinler bölünip çykýar. Bu ýagdaýdan çen tutsaň, antiperspirant beden üçin zyýanly. Dezodorant bolsa, esasan hem, tebigy maddalardan ýasalan dezodorantlar derlemegiň öňüni almaýar, diňe ys bilen göreşýär. Hünärmenler antiperspirant ulanmakdan gaça durup, dezodorantyň tebigy görnüşini saýlamagy maslahat berýärler.
Näçe wagtdan sepinmeli?
Dezodorantyň täsirliligi üns berilmeli möhüm ýagdaýlaryň biridir. Uzakly günüň dowamynda deriň ysyny aýyrmaga ýardam edýän bu önümiň sepilýän, sürtülýän, krem ýaly we pudra ýaly görnüşleri bar. Dezodorantlaryň köpüsi 24-den 48 sagada çenli goragy üpjün edýär. Şonuň üçin bu önümi günüň dowamynda bir gezek sepinmek ýeterlik. Uzak wagtlap maşk edýänler we türgenler günüň dowamynda 2-3 gezek dezodorant ulanyp bilerler. 12-14 ýaşdan kiçi çagalara, demgysmasy we allergiýasy bolan adamlara dezodorant ulanmak maslahat berilmeýär. ABŞ, Germaniýa, Niderlandlar, Angliýa we Fransiýa dezodoranty iň köp ulanýan ýurtlar hasaplanýar.