Ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge, ýaşlaryň ýokary hilli bilim almagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Talyplara daşary ýurt dilleriniň öwredilişini we okadylyşyny kämilleşdirmekde netijeli işler alnyp barylýar. Şunda bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrmakda, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmakda, öwretmegiň netijeli usullaryny ornaşdyrmakda ähli şertler döredilendir.
Häzirki wagtda sanly tehnologiýalaryň ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy belli bir derejede ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyklykda bilim almagyna, hünär taýýarlygyny, tejribelerini kämil derejede ösdürmegine giň mümkinçilikleri döredýär. Öz işine ussat hünärmenleri taýýarlamakda dürli dilleri öwredýän bilim merkezleriň hem ähmiýeti diýseň uludyr. Ýurdumyzda gysga möhletli okuwlary geçirýän ähli bilim merkezlerinde dil öwrenýän ýaşlaryň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça Döwlet olimpiadasy geçiriler. Bäsleşik üç tapgyrda amala aşyrylar. Daşary ýurt dilleri boýunça Döwlet olimpiadasynyň birinji tapgyryny 8-nji fewralda bilim merkezlerinde geçirmek göz öňünde tutulýar.
21-nji fewrala bellenen ikinji tapgyr Aşgabat şäherinden we Ahal welaýatyndan gatnaşýanlar üçin D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Balkan welaýatyndan gatnaşyjylar üçin Balkanabat şäherindäki tebigy ylymlar dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän 21-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepde, Daşoguz welaýaty boýunça Türkmen oba hojalyk institutynda, Lebap welaýaty boýunça Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda, Mary welaýaty boýunça bolsa Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda geçiriler.
Daşary ýurt dilleri boýunça döwlet olimpiadasynyň jemleýji üçünji tapgyrynyň 19-20-nji martda D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web saýtynda giňişleýin maglumat berilýär.
Ata Watanymyzy dost-doganlygyň, beýik işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýän hem-de oňyn başlangyçlaryň öňe sürülýän ajaýyp mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyndaky taryhy tutumlary rowaçlyklara beslensin!
Jahan ATAMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.