Italiýanyň çempionatynda-da lider çalşyp, “Milanyň” myhmançylykda “Ýuwentus” bilen golsuz deňme-deň oýnamagyndan soň “Napoli” ýene-de 1-nji basgançaga beýgeldi. Turindäki oýunda “milanlylara” öňe geçmäge mümkinçilik bolsa-da, Pulişiçiň 53-nji minutda ýerine ýetiren penaltisi derwezäniň üstünden geçdi. Soňky çempion “Napoli” öz meýdançasynda “Jenoany” kabul edip, garşydaşynyň öňe geçendigine garamazdan Zambo-Angissanyň hem-de Hýoýlunnyň gollary esasynda 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy. “Roma” hem edil şeýle hasap bilen myhmançylykda “Fiorentinany” ýeňmegi başardy. Duşuşykda Moýza Keniň goly bilen öňe geçen “Fiorentinanyň” torundan ýeňiş gollaryny Sule bilen Kristante geçirdi. “Inter” toparyna öz meýdançasynda “Kremonezeni” ýeňmek kyn düşmedi (4-1). Şu möwsümde ilkinji gezek utulan “Kremonezeniň” derwezesini Lautara Martines, Bonni, Dimarko hem-de Barella dagy sarsdyrmagy başardy. Öz meýdançasynda “Komony” kabul edip, 1-1 hasabynda deňme-deň oýnan “Atalanta” topary “Ýuwentus” bilen bilelikde ýeňlişsiz barýan 2 klubuň biridir. 6 goluň geçirilen oýnunda myhmançylykda “Lasio” bilen duşuşan “Torino” topary 90+2-nji minutda Kokonyň goly esasynda öňe geçse-de, 90+13-nji minutda ýeňşi elden giderdi. “Lasio” toparyna 1 utuk gazandyran goly 11 metrlik jerime urgusyndan Kataldi geçirdi.

Werona – Sassuolo: 0-1 (Pinamonti 71),

Lasio – Torino: 3-3 (Kançelieri 24, 40, Kataldi 90+13 p – Simeone 16, Adams 73, Koko 90+2),

Parma – Leççe: 0-1 (Sottil 38),

Inter – Kremoneze: 4-1 (L. Martines 6, Bonni 38, Dimarko 55, Barella 57 – Bonazzoli 87),

Atalanta – Komo: 1-1 (Samaržiç 6 – Perrone 19),

Udineze – Kaliari: 1-1 (Kabasale 58 – Borrelli 25),

Bolonýa – Piza: 4-0 (Kambiagi 24, Moro 38, Orsolini 40, Odgor 53),

Fiorentina – Roma: 1-2 (Ken 14 – Sule 22, Kristante 30),

Napoli – Jenoa: 2-1 (Zambo-Angissa 57, Hýoýlunn 75 – Ehator 34),

Ýuwentus – Milan: 0-0