Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan dürli ýurtlar we halkara guramalar bilen özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli esasda ösdürýär. Ýurdumyzda syýasy, ykdysady, medeni we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ýokary derejeli resmi saparlar, iri halkara forumlar, döwlet we Hökümet derejesinde köptaraplaýyn duşuşyklar guralýar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan daşary ýurtlarda geçirilýän şeýle çärelere işjeň gatnaşýar. Bularyň ählisi halkara standartlara, diplomatik protokol tejribesine laýyk gelýän ýokary derejeli guramaçylyk we protokol üpjünçiligini talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, 16-njy ýanwarda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow “Diplomatik gulluk hakynda”, “Döwlet protokoly hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň esasynda protokol işini kämilleşdirmek maksady bilen, birnäçe teklipleri beýan etdi.
Bu ugurda hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm meseleleriň biri bolup durýandygyny nazara almak bilen, ýurdumyzyň diplomatik gullugy ulgamynyň ýaş işgärleriniň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň düzüminde hereket edýän «Diplomatik protokol» atly okuw merkezinde ýöriteleşdirilen hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçmekleri teklip edildi. Şeýle hem Türkmenistanyň protokol gullugy işgärlerini özara tejribe alyşmak üçin daşary ýurtlarda guralýan okuwlara ibermek, şonuň ýaly-da, bu ugurdaky hünärmenleri gysga möhletli okuwlary geçirmek üçin ýurdumyza çagyrmak teklip edildi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň protokol gullugynyň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.