Diwardaky Ferrari satuwda. “Collecting Cars” onlaýn meýdançasynda meşhur sportkaryň asyl çyzgylary esasynda alýuminiden ýasalan nusgasy auksiona goýuldy. «Hedley Studios» tarapyndan “Ferrari”-niň ygtyýarnamasy bilen döredilen 3,1 metrlik bu sungat eseri üçin häzirki wagtda 9 müň funt sterlingden gowrak hödürlenýär. Jemi 19 nusgada öndüriljek bu heýkel 1950-nji ýyllaryň ýaryş awtoulagynyň dizaýnyny gaýtalaýar.
PDF









