Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeler ýurdumyzyň innowasion ösüşine, pudaklaýyn düzümi döwrebaplaşdyrmaga, öňdebaryjy tehnologiýalary ykdysadyýetiň pudaklaryna ornaşdyrmaga gönükdirilendir.

Ýur­du­myzyň ýo­ka­ry ne­ti­je­li yk­dy­sa­dy­ýe­tini tap­gyr­la­ýyn dö­ret­mek, eks­port kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­li­gi ös­dür­mek, dur­nuk­ly ösüş dep­gin­le­ri­ni üp­jün et­me­giň mö­hüm şer­ti hök­mün­de san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak we­zi­pe­le­ri ile­ri tu­tul­ýar.
Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ýur­du­my­zyň en­çe­me ýurt­lar bi­len, hu­su­san­da Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy bi­len alyp bar­ýan ys­ny­şyk­ly hyz­mat­daş­ly­gy tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­ýar. Türk­men-türk gat­na­şyk­la­ryn­da söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­ga uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ýa­kyn­da Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň eks­port ha­ryt­la­ry­nyň ser­gi­si ge­çi­ri­ler. Bu ser­gi türk­men-türk hyz­mat­daş­ly­gy­ny has-da ös­dür­mä­ge uly iter­gi be­rer. Ser­gi­de ýo­ka­ry hil­li we bäs­le­şi­ge ukyp­ly ha­ryt­lar bi­len bir ha­tar­da ýur­du­my­zyň eks­port ugur­ly mak­sat­na­ma­la­ry hem-de ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry bi­len ta­nyş­dy­ry­lar. Ser­gä ýur­du­my­zyň eks­port we maýa go­ýum­ ugur­ly pu­dak­la­ry­nyň, şeý­le hem Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry­nyň gat­naş­mak­la­ry göz öňün­de tu­tul­ýar. Mu­nuň özi söw­da-yk­dy­sa­dy, ma­ýa go­ýum, ulag-lo­gis­ti­ka we beý­le­ki ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­re­der. Mä­lim bol­şy ýa­ly, köp ýyl­dan bä­ri paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň eks­port ha­ryt­la­ry­nyň ser­gi­si ge­çi­ri­lip ge­lin­ýär. Ge­çen ýyl şeý­le ser­gi 11-nji ge­zek ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­tan bi­len Tür­ki­ýä­niň ara­syn­da­ky dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ösüş ýyl­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gyň berk şert­na­ma-hu­kuk bin­ýa­dy dö­re­dil­di. Ol iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ryň giň top­lu­my­ny özün­de jem­le­ýär. Oňa la­ýyk­lyk­da, tu­tuş se­bit­de dur­nuk­ly­ly­gy we gül­läp ösü­şi üp­jün et­mek­de ägirt uly äh­mi­ýe­ti bo­lan bi­le­lik­dä­ki wa­jyp tas­la­ma­la­ryň on­lar­ça­sy ama­la aşy­ryl­dy hem-de ola­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi do­wam ed­ýär. Öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­de Bi­le­lik­dä­ki hö­kü­me­ta­ra to­pa­ra we Türk­men-türk işe­wür­lik ge­ňe­şi­ne, yzy­gi­der­li gu­ral­ýan işe­wür­lik mas­la­hat­la­ry­na hem-de ser­gi­le­re mö­hüm orun de­giş­li­dir. Mu­nuň özi gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de saz­la­şyk­ly ös­dür­mek üçin ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­ny aň­lad­ýar. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, Tür­ki­ýä­niň işe­wür to­par­la­ry da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar we ma­ýa­dar­lar üçin ze­rur şert­le­ri özün­de jem­le­ýän türk­men ba­za­ryn­da ne­ti­je­li iş­le­ri alyp bar­ýar­lar. Iki­ta­rap­la­ýyn ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri­niň yzy­gi­der­li art­ma­gy yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň ok­gun­ly ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar.
Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy Türk­me­nis­ta­nyň esa­sy söw­da hyz­mat­daş­la­ry­nyň bi­ri­dir. Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­ny ga­za­nan döw­rün­den bä­ri ýurdumyzda türk kom­pa­ni­ýa­la­ry üs­tün­lik­li iş alyp bar­ýar­lar. Olar 1000-den gow­rak tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­di­ler. Türk kom­pa­ni­ýa­la­ry Türk­me­nis­tan­da mö­hüm inf­rast­ruk­tu­ra tas­la­ma­la­ry­ny – elekt­rik be­ket­leri­ni, elekt­rik ge­çi­ri­ji­le­ri­ni, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny, söw­da mer­kez­le­ri­ni, okuw mekdepleri, mek­dep­le­ri, jem­gy­ýet­çi­lik bi­na­la­ry­ny, myh­man­ha­na­la­ry, za­wod­dyr fab­rik­le­ri, mu­zeý­le­ri, se­ýil­gäh­le­ri, has­sa­ha­na­la­ry we por­tuň gur­lu­şy­gy­ny ama­la aşyr­dy­lar. Gel­jek­de türk kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň «akyl­ly» Ar­ka­dag şä­he­ri­niň gur­lu­şy­gy­nyň 2-nji tap­gy­ry­na hem-de «Aş­ga­bat-si­ti» tas­la­ma­sy­nyň gur­lu­şyk­la­ry­na gat­naş­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.

Mer­dan ŞAI­MOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.