Sag­ly­gy go­ra­mak üçin aras­sa­çy­lyk, iş­jeň he­re­ket, dog­ry iý­mit­len­mek, ka­da­ly dynç al­mak bi­len bir­lik­de ru­hu­ňy be­lent­de tut­mak hem ze­rur bo­lup dur­ýar. Dur­mu­şy­my­zyň her bir pur­sa­dy­ny mak­sat­ly iş­le­re sarp et­mek, şol üs­tün­lik­le­ri­miz­den lez­zet al­mak hem öm­rü­mi­zi gö­zel­leş­dir­ýär, sag­ly­gy­my­za oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär.
Dog­ry iý­mit­len­mek be­den üçin ze­rur bo­lan ýo­kum­ly iý­mi­ti ka­bul et­mek, çen­den ar­tyk iý­mez­lik­dir. Nä­dog­ry iý­mit­len­mek yn­san be­de­nin­dä­ki saz­la­şy­gyň bo­zul­ma­gy­na tä­sir edip bil­ýär. Bu ýag­daý, gy­nan­sak-da, ýaş­lar­da has çyn­la­kaý me­se­le hök­mün­de ýü­ze çyk­ýar. Me­se­lem, gys­san­maç­lyk­lar, al­jy­raň­ňy­lyk­lar ýa­ly ýag­daý­lar ýaş­la­ryň do­ly hem-de sag­dyn iý­mit­len­mezligine se­bäp bol­ýar.
Ýo­kanç däl ke­sel­ler, şol san­da se­miz­lik, onuň bi­len bag­ly ýü­rek-da­mar, süý­jü­li dia­bet, do­wam­ly öý­ken ke­sel­le­ri we howp­ly tä­ze dö­re­me­ler ýa-da wi­ta­min­le­riň, beý­le­ki ýo­kum­ly mad­da­la­ryň ýet­mez­çi­li­gi iý­mit­len­me­giň ka­da­la­ry­nyň bo­zul­ma­gy bi­len bag­ly bol­ýar. Iý­mit önüm­le­rin­de be­lo­gyň, ýa­gyň, ug­le­wod­la­ryň, wi­ta­min­le­riň we mik­roe­le­ment­le­riň gün­de­lik ýe­ter­lik muk­dar­da bol­ma­gy hök­ma­ny­dyr. Na­har sanawynda et we et önüm­le­ri­niň, süýt we süýt önüm­le­ri­niň, ba­lyk, de­ňiz, gök we bak­ja önüm­le­ri­niň, dä­ne­li we kö­sük­li önüm­le­riň bol­ma­gy, ola­ryň öza­ra saz­la­şyk düz­gün­le­ri­niň ber­jaý edil­me­gi mö­hüm­dir. How­luk­man, go­wy çeý­näp, dür­li iý­mit­ler bi­len iý­mit­len­mek sag­lyk üçin peý­da­ly­dyr. Na­har iý­len­den soň­ra, aras­sa ho­wa­da, ylaý­ta-da, ag­şam­lyk ge­ze­lenç et­me­li. Ça­ýy na­har­dan ýa­rym sa­gat ge­çen­den soň iç­me­li. He­re­ket­de bol­ma­k we ka­da­ly iý­mit­len­me­k sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň esasy hasaplanýar.

Hal­täç ATA­BA­ÝE­WA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy.