Katarda 23-nji “Daha-2025” halkara forumy öz işini tamamlady. Katar Döwlet agentligi QNA-nyň habaryna görä, ýapylyş dabarasyna Kataryň emiriniň ejesi, Katar gaznasynyň başlygy Şeýha Moza bint Naser hem gatnaşdy.
Ol öz çykyşynda adalat diňe bir owadan şygar däl, eýsem hakyky durmuşda yzygiderli we gyşarnyksyz durmuşa geçirilmeli esasy gymmatlykdyr diýip, belledi. Häzirki zaman global ulgamy adalatyň birmeňzeş standartlarynyň ýoklugy üçin yzygiderli tankyt edilýär, şol bir wagtyň özünde dünýäde uly adalatsyzlyk sahnalary barha köp duş gelýän ýagdaýa öwrülýär. Häzirki wagtda bu hereketleri inkär etmek mümkin däl. Ol ganhorluk we köpçülikleýin ýok ediş serişdelerine elýeterliligiň öň görlüp-eşidilmedik derejede ýeňilleşen döwründe adamzadyň adalat we deňlik ýörelgelerine has uly we üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezmäge borçludygyny belledi.
“Doha 2025” forumy 6-njy dekabrda Kataryň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Taniniň gatnaşmagy bilen açyldy. Oňa döwlet we hökümet Baştutanlary, öňdebaryjy bilermenler, ýokary derejeli diplomatlar we dünýäniň ähli künjeginden diýen ýaly resmi wekiller gatnaşdylar.
6-7-nji dekabrda Kataryň emiriniň howandarlygynda geçirilen forumyň esasy temasy “Adalatlylygy ornaşdyrmak: Jarnamalardan anyk hereketlere” boldy. Foruma, takmynan, 160 ýurtdan 6 müňden gowrak wekil, şeýle hem 471 spiker gatnaşdy.
Resmi web sahypasynda nygtalyşy ýaly, forum “Diplomatiýa, dialog we dürlülik” şygary bilen geçirildi we netijeli syýasatyň kemala gelmegine, şeýle hem amaly, amala aşyryp boljak teklipleriň we çözgütleriň işlenip düzülmegine goşant goşýan açyk pikir alyşmalaryny höweslendirmegi maksat edinýär.
Ilkinji gezek 2001-nji ýylda döredilen Doha forumy liderleriň we esasy karar kabul edijileriň döwrümiziň iň möhüm meselelerinde giňişleýin pikir alyşmalar üçin ýygnanýan iň täsirli global platformalaryň biri bolmagynda galýar.