Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ar­ka­dag­ly Gahryman Ser­da­ry­my­zyň baş­da dur­ma­gyn­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň iň bir ýo­ka­ry dep­gin­de ös­ýän ugur­la­ry­nyň bi­ri bolan ýur­du­my­zyň dok­ma pu­da­gynyň di­ňe bir içer­ki ba­zar­da däl, eý­sem, hal­ka­ra ba­zar­la­ryn­da hem bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýar. Döw­le­ti­mi­ziň hem­meta­rap­la­ýyn gol­da­ma­gy ne­ti­je­sin­de dok­ma pu­da­gy iň çalt ös­ýän pu­da­ga öw­rül­di. Hä­zir­ki wagt­da en­çe­me dok­ma kär­ha­na­la­ry he­re­ket edip, olar iri dok­ma top­lum­la­ry, pag­ta eg­ri­ji we dok­ma ön­dü­ri­ji­ler, ti­kin­çi­lik fab­rik­le­ri, ýü­pe­gi gaý­ta­dan iş­le­ýän kär­ha­na­lar, aýak­gap fab­rik­le­ri, ýü­ňi we de­ri­ni il­kin­ji ge­zek iş­le­ýän za­wod­lar­dan yba­rat­dyr.
Dok­ma se­na­ga­tyn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler hal­ka­ra ser­gi­le­rin­de we ýar­mar­ka­la­ryn­da giň­den dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne gör­ke­zil­ýär. Şeý­le iri göw­rüm­li çä­re­ler bi­ziň döw­le­ti­miz­de hem ge­çi­ril­ýär. Şu ýy­lyň 11 – 13-nji iýu­ny ara­ly­gyn­da «Turk­men­texti­le Expo – 2025» at­ly hal­ka­ra ser­gi-ýar­mar­ka­sy gu­ra­lar. Hal­ka­ra ser­gi-ýar­mar­ka dok­ma se­na­ga­ty kär­ha­na­la­ry­nyň, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň bu ugur­da iş alyp bar­ýan ag­za­la­ry­nyň, da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gat­naş­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar. Şu­nuň bi­len bir ha­tar­da, ýer­li we da­şa­ry ýurt di­zaý­ner­le­ri­niň ly­bas­la­ry­nyň gör­ke­zi­li­şi­ni gu­ra­mak, Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň ga­dy­my dok­ma usul­la­ry, hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­na ba­gyş­la­nan us­sat­lyk sa­pak­la­ry­ny ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Dok­ma pu­da­gy dün­ýä­niň köp san­ly ýur­du­nyň mö­hüm se­na­gat dü­züm­le­ri­niň bi­ri­dir. Dok­ma se­na­ga­ty dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň he­re­ket­len­di­ri­ji güý­jü­dir. Bu ýurt­lar taý­ýar egin-eşik­ler­den baş­lap ka­şaň dok­ma önüm­le­ri­ne çen­li dür­li pu­dak­lar­da öň­de­ba­ry­jy or­ny eýe­le­ýär­ler we pag­ta ön­dür­mek­de hem-de eks­port et­mek­de öň­dä­ki ha­tar­da dur­ýar­lar. Bu ugur­da Hy­ta­ýyň dok­ma se­na­ga­ty öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Hy­taý di­ňe pag­ta çig ma­lyn­dan däl, eý­sem, po­li­es­ter we wis­koz ýa­ly sin­te­ti­ki sü­ýüm­le­riň önüm­çi­li­gin­de hem öň­dä­ki or­ny eýe­le­ýär. Ikin­ji orun­da­ky Bang­la­deş taý­ýar egin-eşik önüm­çi­li­gin­de öň­de­ba­ry­jy bo­lup, «H&M», «Za­ra» we «Pri­mark» ýa­ly mo­da mar­ka­la­ry­nyň hal­ka­ra mer­ke­zi­ne öw­rül­di. Pag­ta ön­dür­mek­de çäk­li müm­kin­çi­lik­le­ri­ne ga­ra­maz­dan, Bang­la­deş çig ma­ly da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­rip, ýo­ka­ry hil­li we el­ýe­ter­li egin-eşik­le­ri ön­dür­ýär we gün­ba­tar ba­zar­la­ry­na hö­dür­le­ýär. Üçün­ji orun­da Wýet­nam bo­lup, dok­ma pu­da­gyn­da­ky çalt ösü­şi, er­kin söw­da şert­na­ma­la­ry we ýo­ka­ry ba­ha go­şu­lan egin-eşik ön­dür­mek­dä­ki ab­ra­ýy bi­len ta­nal­ýar. Bu ýurt dün­ýä brend­le­ri­niň esa­sy üp­jün edi­ji­si bo­lup, esa­san, sport egin-eşik­le­ri bi­len ta­nal­ýar. Dör­dün­ji orun­da Hin­dis­tan bo­lup, pag­ta eks­por­ty her ýyl 1,9 mil­li­on ton­na­dan gow­rak­dyr. Bä­şin­ji orun­da bar­ýan Ger­ma­ni­ýa­nyň dok­ma se­na­ga­ty ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly çöz­güt­le­ri bi­len ta­nal­ýar. Bu pu­dak aw­tou­lag, ae­ro­kos­mos we sag­ly­gy go­ra­ýyş ýa­ly ul­gam­lar­da ula­nyl­ýan ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li ma­ta­lar bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.
Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, dün­ýä­niň dok­ma se­na­ga­ty­nyň ba­ha­sy, tak­my­nan, 1 tril­li­on dol­la­ra ba­ra­bar bo­lup, bu muk­dar 2027-nji ýy­la çen­li 1,5 tril­li­on dol­la­ra ýet­jek­di­gi çak­la­nyl­ýar. Bu bol­sa dün­ýä de­re­je­sin­de dok­ma önüm­le­ri­niň uly ba­za­ry­nyň bar­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Dok­ma se­na­ga­ty dün­ýä­de üz­nük­siz ös­me­gi­ni do­wam et­dir­ýär.

Aý­je­mal ALA­ŞA­ÝE­WA,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.