64 ýaşly Sanae Takaiti Günüň dogýan ýurdunda ilkinji zenan Premýer-ministri bolmaga taýýarlanýar. Ol dolandyryjy Liberal-demokratik partiýanyň (LDP) täze lideri hökmünde tassyklandy. Takaiti Parlament tarapyndan dalaşgärligi makullanandan soň wezipesine girişer.
LDP başlygy wezipesine bäş dalaşgär – häzirki iki ministr we öňki üç ministr dalaş etdi. Saýlawlarda ýeňiş gazanan Takaiti Premýer-ministr Sigeru Isibanyň ornuna geçer. Isiba ýaňy-ýakynda LDP-de bolup geçen parlament saýlawlaryndan soň işinden çekiljekdigini mälim edipdi. Şol saýlawlarda dolandyryjy koalisiýa iki palatada-da köplügini ýitirdi.
Takaiti soňky bäş ýylda dördünji Premýer-ministr bolar. Tejribeli syýasatçy (ilkinji gezek 1993-nji ýylda parlamente saýlandy) we ykdysady howpsuzlyk, kosmos we ylym syýasaty we içeri işler ýaly möhüm ministr wezipelerinde işledi.
Takaiti berk konserwatiw tutumy, Ýaponiýanyň konstitusiýasyna täzeden garamagy, harby güýçleri güýçlendirmegi maksat edinýänligi bilen tanalýar. Ykdysady meselelerde salgytlary azaltmaga, sebit subsidiýalaryna, energiýa we ýarymgeçiriji önümçiligi ýaly strategiki pudaklara goldaw bermegi maksat edinýär. Oktýabr aýynyň ortalarynda täze Ministrler Kabinetiniň başlygyny tassyklamak üçin nobatdan daşary mejlisiň geçirilmegine garaşylýar.