Beýik Britaniýada iki ýüzden gowrak kompaniýa dört günlük iş hepdesine geçdi. “Täze düzgün boýunça işleýänleriň kanagatlanma derejesi ýokarlandy” diýip, “The Guardian” neşiri habar berýär. Bilermenler täze düzgün adamlary has bagtly, olaryň zähmetini bolsa has öňdürnjilikli edýär diýip hasaplaýarlar.