«Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan – be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­ly ýur­du­my­zyň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­ni, mil­li gym­mat­lyk­la­ry­ny we ösüş ýo­lu­nyň äh­mi­ýe­ti­ni giň­den açyp gör­kez­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň döw­let sy­ýa­sa­ty tä­ze ösüş tap­gy­ry­na ga­dam bas­dy. Bu ösüş­le­riň na­za­ry hem-de maz­mun taý­dan esas­lan­dy­ryl­ma­gyn­da Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ki­tap­la­ry­nyň aý­ra­tyn or­ny bar­dyr. Döwlet Baştutanymyzyň eser­le­ri di­ňe bir sy­ýa­sy pi­kir­le­riň be­ýa­ny bol­man, eý­sem, ýur­du­my­zyň gel­jek­ki ösü­ş ugurlaryny görkezýär.
Bu aja­ýyp ki­tap­lar­da Ga­raş­syz­lyk, ba­ky Bi­ta­rap­lyk, mil­li ag­zy­bir­lik we yk­dy­sa­dy ösüş ýa­ly mö­hüm dü­şün­je­ler giň­den açy­lyp gör­ke­zil­ýär. Olar döw­le­ti­mi­ziň alyp bar­ýan içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň mak­sa­dy­ny, ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny hem-de hal­kyň bäh­bit­le­ri­ne gö­nük­di­ri­len öz­gert­me­le­riň ma­ny-maz­mu­ny­ny dü­şün­dir­ýär. Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň
ki­tap­la­ryn­da mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­za, ta­ry­hy mi­ra­sy­my­za we me­de­ni däp­le­ri­mi­ze uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Bu ýag­daý ýaş ne­sil­ler­de wa­tan­sö­ýü­ji­lik, döw­let­li­li­ge hor­mat hem-de mil­li buý­sanç duý­gu­la­ry­ny ös­dür­mek­de mö­hüm orun eýe­le­ýär. Ki­tap­lar jem­gy­ýe­tiň ru­hy taý­dan kä­mil­leş­me­gi­ne, ah­lak ýö­rel­ge­le­ri­niň ber­ke­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär.
«Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan – be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­ly ýur­du­my­zyň ösüş­le­ri­niň we pa­ra­hat­çy­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň da­ba­ra­lan­ýan döw­rü­di­gi­ni gör­kez­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň eser­le­ri bol­sa şol ýö­rel­ge­le­ri yl­my, ta­ry­hy we me­de­ni taý­dan esas­lan­dy­ryp, hal­ky­my­zyň ru­hy dün­ýä­si bi­len döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ara­syn­da berk bag­la­ny­şyk dö­red­ýär.
Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň «Ýaş­lar – Wa­ta­nyň da­ýan­jy» hem-de «Änew – müň­ýyl­lyklar­dan göz­baş al­ýan me­de­ni­ýet», «Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň aý­dyň ýo­ly» at­ly ki­tap­la­ry ýaş­lar­da hem-de türk­men yl­my jem­gy­ýet­çi­li­gin­de uly ses­len­me dö­ret­di. Bu ki­tap­lar hal­ky­my­zyň, esa­san hem, ýaş­la­ryň ýan­ki­taby­na öw­rül­di.
«Ýaş­lar – Wa­ta­nyň da­ýan­jy» ese­ri­niň her bir jüm­le­si ýaş­la­ry­myz üçin ýol-ýö­rel­ge, dur­mu­şyň her bir pur­sa­dyn­da çel­gi bo­lup, Wa­ta­na, hal­ka hyz­mat et­me­giň, kä­mil şah­sy­ýe­ti ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­me­giň be­ýik nus­ga­sy­ny sal­gy ber­ýär. «Wa­ta­ny­my­zyň gel­je­gi ýaş­la­ry­myz bi­len­dir. Olar ata Wa­ta­ny­my­za, hal­ky­my­za we­pa­ly, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň döw­let­li­lik we yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne eýer­ýän, zäh­met­sö­ýer, wa­tan­sö­ýü­ji, päk ah­lak­ly ýaş­lar bol­ma­ly­dyr. Şeý­le be­lent adam­kär­çi­lik sy­pat­la­ry bi­len Wa­ta­ny­my­zyň, türk­men hal­ky­nyň dün­ýä­dä­ki ab­raý-mer­te­be­si­ni has-da be­len­de gö­ter­me­li­dir­ler» di­ýip, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz ki­ta­byn­da nyg­ta­ýar.

Miwe ATAÝEWA,
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Syýasy-jemgyýetçilik edebiýatlary bölüminiň müdiri.