Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan çuň­ňur oý­la­ny­şyk­ly sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty bar­ha pug­ta­lan­ýar. Ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler ýur­du­my­zyň iň tä­ze ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­ýar. Di­ňe bir şu ýy­lyň do­wa­myn­da ulan­ma­ga ber­len dur­muş-me­de­ni, önüm­çi­lik we beý­le­ki mak­sat­ly des­ga­lar mu­ňa aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Şeý­le üs­tün­lik­le­riň ga­za­nyl­ma­gyn­da her ýyl üçin ka­bul edil­ýän Döw­let býu­je­ti­niň äh­mi­ýe­ti ulu­dyr.
Go­laý­da Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň ýe­din­ji ça­gy­ry­ly­şy­nyň ýe­din­ji mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. On­da «Türk­me­nis­ta­nyň 2025-nji ýyl üçin Döw­let býu­je­ti ha­kyn­da» Ka­nu­nyň tas­la­ma­sy­na, «Türk­me­nis­ta­nyň 2023-nji ýyl üçin Döw­let býu­je­ti­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ha­kyn­da» Mej­li­siň ka­ra­ry­nyň tas­la­ma­sy­na ga­ral­dy.

Mej­lis­de bel­le­ni­lip ge­çi­li­şi ýa­ly, 2025-nji ýyl üçin Döw­let býu­je­ti­niň se­riş­de­le­ri­niň ag­la­ba bö­le­gi dur­muş ul­ga­my­ny ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­ler. Hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pu­dak­la­ry­ny döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň we tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­me­giň ha­sa­by­na ila­tyň iş bi­len üp­jün­çi­li­gi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dyr­mak üçin şert­le­ri dö­ret­mek, adam­la­ryň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek, ömür do­wam­ly­ly­gy­ny uzalt­mak, bi­lim, ze­hin we me­de­ni müm­kin­çi­lik­le­ri ös­dür­mek, ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­ny iş­jeň­leş­dir­mek, ila­tyň dur­muş taý­dan go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek 2025-nji ýyl­da hem bu sy­ýa­sa­tyň esa­sy mak­sat­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da bo­lar.
«Türk­me­nis­ta­nyň 2025-nji ýyl üçin Döw­let býu­je­ti ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy ka­bul edil­di hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan bu Ka­nu­na gol çe­kil­di.
Döw­let býu­je­ti sy­ýa­sa­ty is­len­dik ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ösüş dep­gi­ni­niň we onuň ne­ti­je­li­li­gi­niň üp­jün edil­me­gin­de aý­gyt­ly orun eýe­le­ýär. Şeý­le bo­lan­soň, bu ba­bat­da­ky we­zi­pe­le­ri çöz­mek­de, ba­zar gat­na­şyk­la­ry­ny ka­da­laş­dyr­mak­da, ony döw­re­bap ös­dür­mek­de, halk ho­ja­ly­gy­ny öz­gert­mek­de, äh­lu­mu­my söw­da, yl­my-teh­ni­ki we yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm bö­le­gi bo­lan tä­ze­çil usul­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak­da ka­bul edi­len «Türk­me­nis­ta­nyň 2025-nji ýyl üçin Döw­let býu­je­ti ha­kyn­da» Ka­nu­nyň äh­mi­ýe­ti örän ulu­dyr. Gel­jek ýyl­da döw­let dur­mu­şy­nyň äh­li ul­gam­la­ryn­da göz öňün­de tu­tul­ýan öz­gert­me­le­riň ugur­la­ry­ny anyk kes­git­le­ýän bu der­wa­ýys res­mi­na­ma esa­syn­da 2025-nji ýyl­da edil­me­li iş­ler we ýe­til­me­li sep­git­ler üçin uly möç­ber­de pul se­riş­de­le­ri bö­lü­nip ber­ler.
Ýur­du­my­zyň baş ma­li­ýe res­mi­na­ma­sy gel­jek ýyl üçin göz öňün­de tu­tu­lan sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy hem-de me­de­ni çä­re­ler­den, «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2022 – 2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­dan» we beý­le­ki döw­let mak­sat­na­ma­la­ryn­da göz öňün­de tu­tu­lan we­zi­pe­ler­den ugur al­nyp taý­ýar­la­nyl­ýar.
Ýur­du­my­zyň döw­let býu­je­ti­niň ag­ram­ly bö­le­gi­niň yn­san­per­wer ug­ra gö­nük­di­ril­me­gi­niň ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz­da ylym-bi­lim ojak­la­ry­nyň tä­ze­le­ri, döw­re­bap ýa­şa­ýyş jaý­la­ry we beý­le­ki dur­muş ugur­ly bi­na­lar gu­rul­ýar. Döw­let býu­je­tin­de yk­dy­sa­dy tas­la­ma­la­ra hem uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da se­na­gat we önüm­çi­lik des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­me­gi­niň ne­ti­je­sin­de, tä­ze önüm­çi­lik des­ga­la­ry işe gi­ri­zil­ýär we onuň ha­sa­by­na önüm­le­riň gör­nü­şi­ni we möç­be­ri­ni has-da art­dyr­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Şeý­le hem bu iş­ler şol bir wagt­da iş orun­la­ry­nyň üp­jün­çi­li­gi­ne hem özü­niň oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Dur­muş mak­sat­ly bi­na­la­ryň, şol san­da sag­lyk öý­le­ri­niň, ça­ga­lar bag­la­ry­nyň, suw we la­gym ge­çi­ri­ji­le­riň, aw­tou­lag ýol­la­ry­nyň gur­lu­şyk­la­ry al­nyp bar­lar. Ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy giň ge­rim­de do­wam et­di­ri­ler.
Gel­jek ýyl­da ma­li­ýe­leş­dir­me­giň äh­li çeş­me­le­ri­niň ha­sa­by­na yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ugur­la­ry­na je­mi 40,1 mil­liard ma­nat möç­be­rin­de düýp­li ma­ýa go­ýum­la­ry gö­nük­dir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Umu­man, göz öňün­de tu­tu­lan se­riş­de­ler ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň mun­dan beý­läk hem dur­nuk­ly ös­me­gi­ne ýar­dam eder.

Aman­gül JU­MA­DO­WA,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.