Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy uludan tutulýar. Bu ajaýyp ýylymyzyň her bir güni ýurdumyzy şöhratlandyrýan, halkymyzyň mertebesini beýgeldýän şanly Garaşsyzlyk baýramyna barha ýakynlaşdyryp, unudylmajak pursatlara, göwünleri galkyndyrýan ruhy joşguna beslenýär.
Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, döwlet Garaşsyzlygymyz bagtymyzyň gözbaşy, ösüşlerimiziň badalgasy, belent sepgitlerimiziň gönezligidir, halkymyzyň yhlasly zähmetiniň ylham çeşmesidir. Şoňa görä-de, bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli sebitlerinde iri önümçilik we durmuş-medeni maksatly binalardyr desgalar yzygiderli açylyp ulanmaga berilýär.
Şanly Garaşsyzlygymyzyň toýunyň giňden toýlanýan şu günlerinde Lebap welaýatynyň Kerki şäheriniň Halkara howa menziliniň, Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň, onuň yzysüre Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde döwrebap Halkara howa menziliniň düýbüniň tutulmagy, welaýat merkezi Balkanabatda «Türkmeniň ak öýi» binasynyň, Daşoguz welaýatynda hem birnäçe iri desgalaryň – ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyp ulanmaga berilmegi döwletlilikden, ýurdumyzyň kuwwatyndan nyşandyr.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy esasynda bu günki gün ýurdumyzyň welaýatlarynda «Türkmeniň ak öýi» binalary guruldy. Üstünlikli amala aşyrylan bu giň gerimli taslamalar täze taryhy eýýamda döwürleriň hem-de nesilleriň dowamatlylygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Ajaýyp binalaryň açylyş dabaralarynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şanly taryhyna ýazylandygyny bellemek gerek. Bilşimiz ýaly, 2015-nji ýylda Mary, 2017-nji ýylda Ahal welaýatlarynda «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň açylandygyny bellemelidiris.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň erkin we bagtly ýaşamagy, döredijilikli, ruhubelent zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär.
Bu ýyl türkmenistanlylar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna özleriniň uly zähmet üstünlikleri bilen barýarlar. Bu ýylda Hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary netijesinde 140 ýyllyk toýuny toýlan gözel paýtagtymyz Aşgabat, şeýle hem ähli welaýatlar günsaýyn özgerip, belent sepgitleri eýelemegi dowam edýär. Şonuň netijesinde, köp sanly çagalar baglary, orta we ýokary okuw mekdepleri, saglyk merkezleri, sagaldyş öýleri, ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary, edara-kärhanalaryň döwrebap binalary, howa menzilleri we beýleki dürli maksatly häzirki zaman desgalardyr binalar gysga wagtyň içinde gurulýar.
Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli dürli maksatly binalaryň 30-dan gowragy ulanmaga berildi we ýene-de şu ýylyň dowamynda 22 desganyň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar.
Şeýle ösüşleriň ählisi hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, pähim-paýhasy bilen üstünlikli amala aşyrýan syýasatynyň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň ajaýyp miweleridir.
Aba ÇARYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.