20-nji ýanwarda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda täze döredilen Gözegçilik-seljeriş merkeziniň açylyşy boldy. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Belent Serkerdebaşysynyň adyndan Döwlet gümrük gullugynyň Aşgabat we Arkadag şäherlerindäki hem-de welaýatlardaky gümrükhanalaryna gulluk awtoulaglarynyň açarlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.
Täze merkezde gümrük edaralarynda alnyp barylýan işlere gözegçilik etmäge, gümrük serhedinden geçirilýän harytlar babatda maglumatlary toplamaga we seljermäge, maglumat çeşmelerini, intellektual tehnologiýalar ulgamyny we rentgen-gözegçilik enjamlaryny ulanmak arkaly, dogry çözgütleriň dessine kabul edilmegini guramaga, serhetýaka gümrük nokatlarynyň, şol sanda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň hem-de ýurdumyzyň howa menzilleriniň işine häzirki wagt tertibinde gözegçilik etmäge we utgaşdyrmaga, gümrük kanunçylygynyň bozulmagynyň töwekgelçiliklerini seljermäge hem-de dolandyrmaga döwrebap şertler döredildi. Bu ýerde geoýerleşişi anyklaýan ulgamyň ulanylmagy bilen, halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýan awtoulag serişdeleriniň ýurdumyzyň çägindäki hereketine gözegçilik etmek, harytlar we ulag serişdeleri gümrük serhedinden geçirilende ygtyýarlandyryş we rugsat beriş düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi ygtybarly guramak babatda ähli mümkinçilikler bar.
Merkezde kompýuterleşdirilen enjamlar arkaly gözegçilik-seljeriş işlerini geçirmäge döredilen şertler açylyş dabarasyna gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda täze döredilen Gözegçilik-seljeriş merkeziniň sanly ulgam arkaly duşuşyklar geçirilýän otagynyň hem bardygy bellärliklidir. Bu ýerde göni wideoaragatnaşyk arkaly uzak aralykdan okuwlary, duşuşyklar, ýygnaklary geçirmek üçin hem ähli şertler göz öňüne tutulan. Sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirilýän otagda ýaňy-ýakynda açylyp ulanmaga berlen Lebap welaýat gümrükhanasynyň «Farap awtoýollary» gümrük nokady bilen göni wideoaragatnaşyga çykyldy. Bu görnüşler gullukda sanly aragatnaşygy saklamagyň ähmiýetini görkezdi.
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda täze döredilen Gözegçilik-seljeriş merkeziniň açylmagy bilen birlikde, gullugyň düzümlerine 7 sany täze döwrebap gulluk awtoulaglarynyň berilmegi harby gullukçylaryň buýsançly başyny göge ýetirip, olara ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Gulluk awtoulaglarynda ähli mümkinçilikler, şertler bar. Täze awtoulaglaryň sowgat berilmegi döwrebap Döwlet gümrük gullugynyň garamagyndaky gümrükhanalarda hereket edýän Mobil toparlarynyň işini has-da kämilleşdirmäge, sazlaşykly işleri alyp barmaga uly itergi berer.