Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň netijesinde dünýäniň ähli döwletleri bilen özara ynanyşmak, deňhukuklylyk hem-de birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklar has-da ösdürilýär. Bu ugurda Ýakyn Gündogar sebitiniň ýurtlary bilen gatnaşyklar hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, okgunly ösüşe eýe boldy. Türkmenistan bilen Arap ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine degişli meseleler hormatly Prezidentimiziň Bahreýniň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň ýokary derejeli döwlet ýolbaşçylary bilen geçiren telefon söhbetdeşliklerinde ara alnyp maslahatlaşyldy.

TÜRK­ME­NIS­TAN – BAH­REÝN
GAT­NA­ŞYK­LA­RY: TA­RY­HY
DÖ­WÜR­DE IŞ­JEŇ ÖS­DÜ­RIL­ÝÄR
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow bi­len Bah­reý­niň Pa­ty­şa­sy Ha­mad bin Isa Al Ha­li­fa­nyň ara­syn­da te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­lik bol­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti we Bah­reý­niň Pa­ty­şa­sy bi­rek-bi­re­ge mä­hir­li söz­le­ri aý­dyp, döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň hä­zir­ki ýag­da­ýy we gel­jek­ki ugur­la­ry bo­ýun­ça iki­çäk söh­bet­deş­lik­de pi­kir alyş­mak, şeý­le hem hal­ka­ra sy­ýa­sa­tyň kä­bir me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin dö­rän müm­kin­çi­li­ge ho­şal­lyk bil­dir­di­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Bah­reý­niň Pa­ty­şa­sy­ny dün­ýä­niň mu­sul­man­la­ry üçin mu­kad­des bo­lan we ýo­ka­ry ah­lak gym­mat­lyk­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän Gur­ban baý­ra­my (Id al-ad­ha) bi­len gut­la­dy we oňa berk jan sag­lyk, bagt, dost­luk­ly ýur­duň hal­ky­na bol­sa pa­ra­hat­çy­lyk, aba­dan­çy­lyk we gül­läp ösüş ar­zuw et­di.
Te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da mil­li Li­de­ri­miz we Bah­reý­niň Pa­ty­şa­sy hä­zir­ki ta­ry­hy dö­wür­de tä­ze maz­mun bi­len üs­ti ýe­ti­ril­ýän döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha ber­di­ler. Söh­bet­deş­ler gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge yg­rar­ly­dyk­la­ry­ny tas­syk­lap, ozal ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ryň çäk­le­rin­de me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni na­za­ra alyp, onuň anyk ugur­la­ry­ny kes­git­le­di­ler. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki dö­wür­de deň­hu­kuk­ly­lyk we bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak esa­syn­da ýo­la go­ýul­ýan türk­men-bah­reýn gat­na­şyk­la­ry iş­jeň ös­dü­ril­ýär.
Söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da döw­let Baştutanymyz we Bah­reý­niň Pa­ty­şa­sy se­bit­le­ýin we hal­ka­ra me­se­le­le­riň mö­hüm ugur­la­ry bo­ýun­ça pi­kir alyş­dy­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ge­og­ra­fik taý­dan uly gi­ňiş­li­gi gur­şap alan we köp döw­let­le­riň hem-de halk­la­ryň dur­mu­şy­na oňaý­syz tä­sir edýän tä­ze gör­nüş­li ko­ro­na­wi­rus ýo­kan­jy bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re deg­lip ge­çil­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, Türk­me­nis­tan COVID-19 ýo­kan­jy­na gar­şy gö­reş­de dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň ta­gal­la­la­ry­na hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­ýär. Ýur­du­myz howp­ly we­hi­me gar­şy üs­tün­lik­li gö­reş­mek üçin yla­la­şyk­ly we­zi­pe­le­riň taý­ýar­lan­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi­niň ta­rap­da­ry bo­lup dur­ýar.

DÖW­LE­TA­RA GAT­NA­ŞYK­LA­RY
ARA AL­NYP MAS­LA­HAT­LA­ŞYL­DY
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bi­len Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Wi­se-pre­zi­den­ti, Prem­ýer-mi­nist­ri, Du­baý Emir­li­gi­niň hä­ki­mi Şeýh Mo­ham­med bin Ra­şid Al Mak­tu­myň ara­syn­da te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­lik bol­dy. Hormatly Prezidentimiz Du­ba­ýyň hä­ki­mi bi­len do­gan­lar­ça sa­lam­la­şyp, ony, BAE-niň dost­luk­ly hal­ky­ny ys­lam dün­ýä­si­niň mu­kad­des baý­ra­my bo­lan Gur­ban baý­ra­my (Id al-ad­ha) bi­len gut­la­dy.
Mil­li Li­de­ri­miz ýo­ka­ry ah­lak gym­mat­ly­gy­ny, ru­hy tä­miz­li­gi we yn­san­per­wer­li­gi özün­de jem­le­ýän bu mu­kad­des baý­ra­myň tu­tuş mu­sul­man ym­ma­tyn­da bi­te­wü­li­giň hem-de raý­daş­ly­gyň ber­ki­dil­me­gi­ne mun­dan beý­läk-de ýar­dam ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Gut­lag­lar we hoş­ni­ýet­li söz­ler üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, BAE-niň Wi­se-prezidenti Şeýh Mo­ham­med bin Ra­şid Al Mak­tum öz ge­ze­gin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze we tu­tuş türk­men hal­ky­na iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny aýt­dy.
Te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Iki ýur­duň ara­syn­da ýo­la goý­lan dip­lo­ma­tik, yk­dy­sa­dy we yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň ber­ki­dil­me­gi­niň ta­rap­la­ryň sy­ýa­sy is­leg­le­ri­ne we bäh­bit­le­ri­ne do­ly la­ýyk gel­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz BAE bi­len gat­na­şyk­la­ryň uzak möh­let­le­ýin, bi­rek-bi­re­ge yna­nyş­mak we ne­ti­je­li ýag­daý­da ös­dü­ril­me­gi ug­run­da äh­li ze­rur ta­gal­la­la­ryň edil­jek­di­gi­ni bel­le­di. Mil­li Li­de­ri­miz BAE-niň Wi­se-prezidenti Şeýh Mo­ham­med bin Ra­şid Al Mak­tu­ma iki döw­le­tiň ara­syn­da­ky dost­luk gat­na­şyk­la­ry­nyň ber­ki­dil­me­gi­ne we mö­hüm ugur­lar bo­ýun­ça ýo­la go­ýul­ýan öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­dil­me­gi­ne üns ber­ýän­di­gi hem-de şah­sy go­şan­dy üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di.
Hä­zir­ki dö­wür­de wa­jyp me­se­le bo­lan hem-de hal­ka­ra söw­da ul­ga­myn­da, önüm­çi­lik işin­de we da­şa­ry yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­lar­da çök­gün­li­giň eme­le gel­me­gi­ne se­bäp bo­lan ko­ro­na­wi­rus ýo­kan­jy bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re deg­lip ge­çil­di. Bu we­hi­me gar­şy ne­ti­je­li gö­reş­mek üçin äh­li ýurt­la­ryň ta­gal­la­la­ry­nyň bir­leş­di­ril­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­ny bel­läp, hormatly Prezidentimiz Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä äh­mi­ýet­li mö­hüm me­se­lä gar­şy gö­re­şiň tä­ze usul­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak­da dün­ýä bi­le­le­şi­gi bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­ly­ga taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy.
Söh­bet­deş­li­giň ahy­ryn­da ta­rap­lar bi­rek-bi­re­gi Gur­ban baý­ra­my bi­len ýe­ne bir ge­zek gut­lap, iki döw­le­tiň halk­la­ry­na pa­ra­hat­çy­lyk, aba­dan­çy­lyk we mun­dan beý­läk-de gül­läp ösüş ar­zuw et­di­ler.

TÜRK­ME­NIS­TAN – BAE:
IKI­TA­RAP­LA­ÝYN GAT­NA­ŞYK­LAR
SAZ­LA­ŞYK­LY ÖSÜ­ŞE EÝE­DIR
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow bi­len Abu-Da­bi­niň Mi­ras­dü­şer Şa­za­da­sy, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy­nyň orun­ba­sa­ry Şeýh Mo­ham­med bin Za­ýed Al Na­haý­ýa­nyň ara­syn­da te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­lik bol­dy.
Mil­li Li­de­ri­miz we Abu-Da­bi­niň Mi­ras­dü­şer Şa­za­da­sy bi­rek-bi­rek bi­len mä­hir­li sa­lam­la­şyp, mu­kad­des Gur­ban baý­ra­my (Id al-ad­ha) bi­len gut­la­dy­lar hem-de iki ýur­duň dost­luk­ly halk­la­ry­na aba­dan­çy­lyk we ro­waç­lyk ar­zuw et­di­ler. Yn­san­per­wer­lik, hoş­ni­ýet­li­lik, aba­dan­çy­lyk ýa­ly ýo­ka­ry ru­hy gym­mat­lyk­la­ry özün­de jem­le­ýän bu aja­ýyp baý­ra­myň köp asyr­la­ryň do­wa­myn­da bol­şy ýa­ly, mun­dan beý­läk-de tu­tuş ys­lam dün­ýä­sin­de raý­daş­ly­gyň we bi­te­wü­li­giň ber­ki­dil­me­gi­ne ýar­dam ber­jek­di­gi­ne ynam bil­di­ril­di. Söh­bet­deş­ler Türk­me­nis­tan bi­len Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň ara­syn­da­ky däp bo­lan dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň öza­ra dü­şü­niş­me­giň ýo­ka­ry de­re­je­si­ne eýe bo­lup, sy­ýa­sy dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy we me­de­ni-yn­san­per­wer ugur­lar­da saz­la­şyk­ly ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Şeýh Mo­ham­med bin Za­ýed Al Na­haý­ýa­na türk­men-emir­lik gat­na­şyk­la­ry­nyň ber­ki­dil­me­gi­ne we iki ýur­duň ara­syn­da öza­ra peý­da­ly gat­na­şyk­la­ryň gi­ňel­dil­me­gi­ne mö­hüm üns ber­ýän­di­gi hem-de oňa goş­ýan şah­sy go­şan­dy üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di. Te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak we gol­daw ber­mek ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da ýo­la go­ýul­ýan döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň mun­dan beý­läk-de yzy­gi­der­li ös­dü­ril­me­gi­niň gel­jek­ki ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ozal ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek, şol san­da da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­la­ry ul­ga­myn­da­ky gat­na­şyk­lar, dür­li ugur­lar­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri, şeý­le hem anyk ne­ti­jä esas­lan­ýan gat­na­şyk­la­ryň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti we Abu-Da­bi­niň Mi­ras­dü­şer Şa­za­da­sy se­bit­le­ýin we äh­lu­mu­my me­se­le­ler bo­ýun­ça pi­kir alyş­dy­lar. Şun­luk­da, hal­ka­ra yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ra oňaý­syz tä­si­ri bo­lan we adam­za­da tä­ze we­him sal­ýan ko­ro­na­wi­rus ýo­kan­jy bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re deg­lip ge­çil­di. Mil­li Li­de­ri­miz döwletimiziň bu umu­my dün­ýä gö­re­şi­ne yg­rar­ly­dy­gy­ny bel­läp, we­hi­me gar­şy ne­ti­je­li gö­reş­mek mak­sa­dy bi­len, äh­li ýurt­la­ryň ta­gal­la­la­ry­nyň ut­gaş­dy­ryl­ma­gy­nyň ze­rur­ly­gy­ny na­zar­la­ýan hyz­mat­daş­ly­gyň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi­niň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy. Söh­bet­deş­li­giň ahy­ryn­da hormatly Prezidentimiz we Abu-Da­bi­niň Mi­ras­dü­şer Şa­za­da­sy, BAE-niň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy­nyň orun­ba­sa­ry Şeýh Mo­ham­med bin Za­ýed Al Na­haý­ýan döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň mun­dan beý­läk-de yna­nyş­mak, açyk­lyk we bi­rek-bi­re­ge dü­şü­niş­mek esa­syn­da ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler we bi­rek-bi­re­ge berk jan sag­lyk, asyl­ly baş­lan­gyç­lar­da uly üs­tün­lik, iki ýur­duň halk­la­ry­na bol­sa pa­ra­hat­çy­lyk, aba­dan­çy­lyk we gül­läp ösüş ar­zuw et­di­ler.