Çarlz Spenser öz aýal dogany, Uelsiň şazadasy Diananyň durmuşy we onuň pajygaly ýagdaýda aradan çykmagy hakyndaky ýatlamalary öz içine alýan «Swan Song: Diana, My Sister» atly täze kitabyny neşir etmäge taýýarlanýar.

«Penguin Press» neşirýatynyň tassyklamagyna görä, 62 ýaşly britan žurnalisti bu kitaby uýasynyň ýogalan gününiň 30 ýyllygyna bagyşlap ýazandygyny mälim etdi. Spenser bu ädimi uýasy baradaky ýalan maglumatlaryň öňüni almak we hakykaty şol döwrüň şaýady hökmünde öz dilinden ýetirmek maksady bilen ädendigini, neşirýat wekilleri bolsa kitabyň köp sanly açyşlary öz içine aljakdygyny we onuň ýadygärligine mynasyp sarpa boljakdygyny bellediler.

Kitabyň Britaniýada 22-nji sentýabrda çap edilmegine garaşylýar, bu bolsa çärýek asyrdan gowrak wagt bäri dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýän şazadanyň durmuş ýoluna täzeden baha bermäge mümkinçilik berer. Häzirki Karol Çarlz III-iň birinji ýanýoldaşy bolan Diana 1997-nji ýylyň 31-nji awgustynda Pariž şäherinde bolup geçen ýol heläkçiliginde 36 ýaşynda aradan çykypdy. Şol wagtlar bu heläkçilik giň jemgyýetçilik matamyna we köp sanly gürrüňlere sebäp bolupdy.

Çarlz Spenser 1997-nji ýylyň sentýabr aýynda Westminster köşgünde geçirilen hatyra dabarasynda çykyş edip, uýasynyň adalatly, rehimdar we özboluşly häsiýetlerini ýatlap geçipdi.