27-nji iýunda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň halkara ynsanperwer işi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, dürli ýurtlar we halkara guramalar bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegiň Bitarap Watanymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi.
Häzirki günde Türkmenistan 54 sany halkara gurama we ynsanperwer häsiýetli maksatnamalara, şol sanda halkara ynsanperwer hukugy boýunça köptaraplaýyn resminamalara gatnaşyjy döwlet bolup durýar. Bu resminamalaryň esasynda alnyp barylýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çäklerinde 1994-nji ýyldan bäri ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde dürli ugurlar, esasan-da, durmuş meseleleri boýunça 333 sany milli hem-de sebit taslamalary, maksatnamalar durmuşa geçirildi.
Goňşy sebitlerde bolup geçýän syýasy-strategik ýagdaýlary nazara almak bilen, döwletimiz tarapyndan möhüm ynsanperwer çäreler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň goldaw bermeginde, Türkmenistan Ýakyn Gündogar sebiti bilen araçäkleşýän ýeke-täk Merkezi Aziýa döwleti hökmünde, bu goňşy sebitde ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli ynsanperwer işleri durmuşa geçirýär. Şu maksatlar bilen, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, ugurdaş düzümler tarapyndan zerur bolan toplumlaýyn işler, şol sanda daşary ýurtlaryň howa gämilerini Aşgabadyň Halkara howa menziline gondurmak hem-de olara hyzmat etmek, türkmen-eýran serhedindäki ähli gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň gije-gündizleýin işlemegini üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp baryldy. Şeýlelikde, Türkmenistan daşary ýurtlaryň müňlerçe raýatynyň ýurdumyzyň üsti bilen öz döwletlerine gitmekleri üçin ynsanperwer geçelgäni döretdi.
Häzirki wagta çenli şol geçelgeden 4 müň 640 adam geçdi. Olaryň arasynda Aziýanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň, Ýewropanyň, Afrikanyň, Amerika yklymynyň 50-den gowrak ýurdunyň raýatlary bar. Bu bolsa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine, ynsanperwer ugurda öz üstüne alan halkara borçnamalaryna berk ygrarlydygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ynsanperwer işleri ulgamlaýyn esasda amala aşyrmak üçin ýurdumyzyň dürli döwletler we halkara guramalar bilen utgaşykly işländigi bellenildi. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda, daşary ýurtlaryň ilçileri we diplomatik gulluklaryň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň wekilleri bilen yzygiderli duşuşyklar we gepleşikler geçirildi.
Döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer başlangyçlaryny mundan beýläk-de iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan birnäçe teklipler taýýarlanyldy. Hususan-da, adatdan daşary ýagdaýlarda halkara guramalar bilen utgaşykly hereket etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin 28-nji iýunda Daşary işler ministrliginde Halkara Migrasiýa Guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasy we BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy bilen bilelikde “tegelek stol” maslahatyny geçirmek teklip edilýär. Şunuň bilen bir hatarda, halkara ynsanperwerlik işi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 29-njy iýunda Daşary işler ministrliginde ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda brifing görnüşinde duşuşyk geçirmek baradaky teklip beýan edildi. Şeýle-de BMG-niň, Halkara Gyzyl Haç komitetiniň, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň halkara federasiýasynyň wekilleri bilen ynsanperwerlik işini has-da ösdürmek üçin üç ýyllyk iş meýilnamalaryny düzmek we olary tassyklamak teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary saklamaga we ösdürmäge, zerur bolan ýagdaýynda, ynsanperwerlik kömegini bermäge möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz beýan edilen teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine ýurdumyz bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary berkitmegi we giňeltmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.