1-nji ýanwarda Döwletliler köşgüniň baýramçylyk öwüşgininde bezelen zalynda Täze ýyl mynasybetli dabara geçirildi. Onuň dowamynda bu ýerde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Bu ýerde çagalaryň bilim we terbiýe alýan özboluşly şäherjiginde oturdylan uly arçanyň ýanynda baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Döwletliler köşgünde terbiýelenýänleri baýramçylyk bilen gutlamaga Aýazbabadyr Garpamyk, ýetip gelen 2026-njy ýylyň nyşany bolan bedew atyň lybasyndaky çagalar, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri geldiler.
Bu ýerde çagalar şekillendiriş we saz sungatynyň tilsimlerini ele alýarlar, gurnaklarda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar. Olaryň köpüsi ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän döredijilik bäsleşikleriniň, halkara festiwallaryň ýeňijileridir. Şolaryň hatarynda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi bolan “Joşgun” tans topary-da bar.
Ýaşajyk türkmenistanlylar myhmanlaryň öňünde konsert maksatnamasy bilen çykyş edip, döredijilik ukyplaryny görkezdiler. Baýramçylyk dabarasynyň geçirilýän ýeriniň bezeginde ulanylan serişdeleriň aglabasyny çagalaryň öz elleri bilen taýýarlandyklaryny bellemek gerek. Bezelen arçanyň ýanynda çagalar goşgy okadylar, joşgunly tanslary, eziz Watanymyzy, döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän beýik işlerini wasp edýän, şeýle-de Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Dabaranyň ahyrynda ýaş zehinler Aýazbaba we Garpamyk, türkmen halk döredijiliginiň, dünýä halklarynyň ertekileriniň gahrymanlary bilen bilelikde owadan arçanyň daşyndan aýlanyp, aýdym aýtdylar.
Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan dürli süýjüliklerden we ter miwelerden, okuw esbaplaryndan, interaktiw serişdelerden ybarat sowgatlaryň gowşurylmagy çagalaryň şatlygyny has-da artdyrdy. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen täze ýylyň hormatyna guralan dabarada Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara saz gurallary hem gowşuryldy. Munuň özi olarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
Dabaranyň ahyrynda çagalar sowgatlary çuňňur hoşallyk duýgulary bilen kabul edip, döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza bagtyýar çagalyk we özleri baradaky yzygiderli aladalar üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.