«EKSPO – 2020» Bütindünýä sergisiniň geçirilýän Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäheri syýahatçylyk, işewürlik we beýleki ugurlarda dünýäniň öňdebaryjy şäherleriniň biri hasaplanýar. Häzire çenli şäherde daşary ýurtly myhmanlary özüne çekmek üçin dürli taslamalar durmuşa geçirildi. Şäher emeli derýajyklary, emeli adalarda gurlan myhmanhanalary, beýik binalary we iri söwda merkezleri bilen tanalýar. Çölüň jümmüşinde döredilen kenarýaka şäherde emeli köller hem bar. Şäheriň etegindäki goraghanada döredilen bu köller diňe syýahatçylary özüne çekmän, eýsem, tebigatyň aýawly saklanmagyna hem goşant goşýar. Bu ýerde esasy üç sany emeli köl bolup, olar «Al Kudra» diýlip atlandyrylýar. Bu kölleriň iň meşhuryna «Söýgi» köli diýilýär. Köl ýokardan seredeniňde, biri-biriniň içinden geçip duran iki sany ýüregiň şekilini emele getirýär. Emma köl uly bolansoň, ähli ýerini kenarynda durup görüp bolmaýar. Onuň içinde kiçeňräk adalar hem bar. Bu emeli köllerde we onuň töwereginde çöl jandarlary, balyklar we guşlaryň 175-den gowrak görnüşi ýaşaýar.
Şeýle kölleriň biri hem halkara sergi mynasybetli «EKSPO – 2020» diýlip atlandyrylypdyr. Bu ýerde şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň tebigatyň jümmüşinde gyzykly wagt geçirmekleri üçin şert döredilipdir. Onuň töweregine dürli agaçlar we beýleki ösümlikler ekilipdir.
Aýsoltan Aşyrowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.