Germaniýanyň Bütindünýä ilat gaznasy (DSW) dünýä ilaty barada maglumat ýaýratdy. Tamamlanyp barýan ýylda planetamyzyň ilatynyň 7,837 milliard bolandygy mälim edildi. 2020-nji ýylda dünýäniň ilatynyň 82,3 million artandygy habar berildi. Maglumatlar dünýä ilatynyň her sekuntda 2,6 adam artandygyny görkezýär. 2023-nji ýyla çenli planetanyň ilatynyň 8 milliarda ýetmegine garaşylýar. Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryna görä, dünýä ilaty her ýyl 1,09 göterim artýar. Hasaba alnan döwürde dünýä ilaty 1965-1970-nji ýyllar aralygynda has köp ösüpdir. Bäş ýylyň dowamynda 2,05 göterimlik görkeziji hasaba alnypdyr.
Maglumatlara görä, dünýäde her zenan ortaça 2,4 çaga dünýä inderýär. Dünýä ilatynyň 2050-nji ýyla çenli 9,7 milliarda, 2100-nji ýylda 11,1 milliarda ýetmegine garaşylýar. 1804-nji ýylda dünýä ilaty ilkinji gezek 1 milliarda ýetdi. Bu görkeziji 1927-nji ýylda 2 milliarda, 1959-njy ýylda 3 milliarda ýetdi.
Sebitlere bölünişi
Ýer ýüzüniň ilatynyň 59 göterimi Aziýa ýurtlarynda, 10 göterimini Ýewropada, 8 göterimi Latyn Amerikada, 5 göterimi Demirgazyk Amerikada we 1 göterimi Okeaniýada ýaşaýar. Ilatyň 26 göterimini 15 ýaşyndan kiçi çagalar, 9 göterimini 64 ýaşyndan ulular emele getirýär.
Afrikadaky ösüş ýokary bolar
Soňky maglumatlara görä, 2050-nji ýyla çenli Afrikanyň ilaty iki esse artyp, 2,5 milliarda ýeter. Häzirki wagtda Aziýanyň ilaty 4,5 milliard töweregi. 2050-nji ýyla çenli bu görkezijiniň 5,3 milliard bolmagyna garaşylýar. 2100-nji ýylda Afrikada ýaşaýanlar dünýä ilatynyň 40 göterimini emele getirer.
Şeýle hem 2024-nji ýylda Hindistanyň ilatynyň Hytaýdan ozdurmagyna garaşylýar. 2050-nji ýylda Nigeriýanyň ilaty ABŞ-nyň ilatyndan köp bolar.