Dünýä Kubogy 2026-a ýer eýelerinden başga gatnaşjak toparlaryň ilkinjisi belli boldy. Aziýanyň öňdebaryjy ýygyndylaryndan Ýaponiýanyň milli ýygyndysy ýollanma alan ilkinji milli topar hökmünde hasaba alyndy. Aziýa zolagynyň 3-nji saýlama tapgyrynyň çäginde öz meýdançasynda Bahreýniň ýygyndysyny Kamada we Kubonyň gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňen Ýaponiýanyň ýygyndysy “C” toparçada 7 oýunda utugyny 19-a ýetirdi we 3-nji ýerdäki topardan 10 utuk öňe saýlandy. Şunlukda, Ýaponiýanyň ýygyndysy ýeňlişsiz gelýän ýolunda bassyr 8-nji gezek Dünýä Kubogynda çykyş etmäge hukuk gazandy. Ýaponiýanyň ýygyndysy şu gezekki saýlama tapgyrynda ýeke gezek hem ýeňilmän, diňe 1 duşuşykda Awstraliýa bilen deňme-deň oýnady.

Eýranyň ýygyndysy hem bosagada dur

Eýranyň hem-de Özbegistanyň ýygyndylary hem Dünýä Kubogyna ýollanma almagyň bosagasynda duran beýleki 2 ýygyndydyr. BAE-niň Azmun hem-de Mohebiniň gollary bilen 2-0 ýeňen Eýrana 1 utuk ýeterlik bolar. Duşuşykda käbir tehniki ýetmezçilikler sebäpli 1-nji ýarym saklanyldy. Tehniki meseleler çözüleninden soň 1-nji ýarymyň ahyryna 29 minut goşuldy (jemi 74 minut boldy).

Gyrgyzystany 1-0 hasabynda utan Özbegistanyň ýygyndysy bolsa 3 utuk gazanan ýagdaýynda Dünýä Kubogyna Merkezi Aziýadan wekilçilik etjek ilkinji ýygyndy hökmünde hasaba alnar. 25-nji martda Eýran öz meýdançasynda Özbegistanyň ýygyndysyny kabul eder. Bu duşuşyk deňlikde tamamlanyp, 3-4-nji orunlardaky BAE bilen Kataryň ýygyndylary myhmançylykda geçirjek duşuşyklarynda garşydaşlaryndan utulsa, onda Eýran bilen Özbegistanyň ýygyndylary bilelikde Dünýä Kubogyna gatnaşarlar.