Dünýä Kubogynda garaşylýan final oýnalyp, Ispaniýa bilen Argentinanyň milli ýygyndylary Ýer şarynyň iň ulusy bolmak üçin göreşer. Matadorlar taryhynda 16 ýyldan soň 2-nji gezek çykan bolsa, tangoçylar bassyr 2-nji, umumylykda-da 7-nji sapar finalda oýnar. Argentina bu ugurda Braziliýa bilen deňleşip, Germaniýadan soň 2-nji orna beýgeldi.
Iki topar mundan öň jemi 14 gezek gabatlaşdylar. Şolaryň 6-synda Ispaniýa, 6-synda hem Argentina ýeňiş gazandy.2 oýun deňlikde tamamlandy. Gollarda 19-18 ispanlar öňde barýar. Ispaniýa bilen Argentinanyň ýygyndysy Dünýä Kubogynyň çäginde 2-nji gezek duşuşarlar. 1966-njy ýylda toparçada duşuşan 2 toparyň şol oýnunda argentinler 2-1 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

Dünýä Kubogynyň taryhynda 1930-njy ýyldan soň 2-nji gezek ispan dilinde gürleýän 2 ýurduň ýygyndysy duşuşar. Ýeri gelende bellesek, iki topar şu ýylyň 27-nji martynda FIFA tarapyndan guralýan “Finalissima”-da (Ýewropanyň hem-de Günorta Amerikanyň çempionlarynyň duşuşygy) çäginde Katarda duşuşmalydylar. ÝÖne sebitde emele gelen dartgynly ýagdaýlar sebäpli duşuşyk ýatyrylypdy.

Argentina finala çenli 7 oýunda-da ýeňiş gazanmagy başardy we 19 gol geçirip, 7 gol geçirtdi. 1-nji duşuşygyny deňme-deň oýnan Ispaniýa 13 gol geçirip, derwezesine bary-ýogy 1 top goýberdi. Argentinanyň ýygyndysy finala çenli Afrikadan 3, Ýewropadan 3, Aziýadan hem 1 topar bilen duşuşdy. Ispaniýa bolsa utulan-çykdy tapgyrynda diňe ýewropalylar bilen duşuşyp, olaryň ählisini ýeňlişe sezewar etdi. Toparçada bolsa her yklymdan (Aziýa, Afrika, Günorta Amerika) 1 topar bilen duşuşdy.
Duşuşyk Nýu Ýorkuň golaýyndaky 80 müň 663 orunlyk “MetLife Stadium”-da oýnalar. Futbol janköýerleriniň sabyrsyzlyk bilen garaşýan oýny 19-njy iýuldan 20-nji iýula geçilýän gije 00:00-da başlanar (ýekşenbeden duşenbä). Duşuşygyň arasynda ilkinji gezek 30 minutlyk arakesme bolup, Madonna, Şakira, BTS, Jastin Biber, Kris Martin, Burna Boy, Gustawo Dudamel ýaly aýdymçydyr toparlar çykyş ederler. Duşuşygyň öňüsyrasynda-da sungat äleminiň belli wekilleriniň gatnaşmagynda kiçeňräk şou bolar.
PDF









