Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli köpugurly işler durmuşa geçirilýär.
Milli medeni mirasymyzy dünýä ýaýmak, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda sünnäläp döreden gymmatlyklaryny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek, bagtyýar nesillerimizi milli ruhda terbiýelemek babatda netijeli işler alnyp barylýar.
Tutuş dünýäde ýurdumyzda alnyp barylýan işleri giňden wagyz etmek, şeýle hem daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen ildeşlerimiziň arasynda gatnaşyklary berkitmek maksady bilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi iňňän uly işleri durmuşa geçirýär.
Her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyz Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahaty geçirilýär. 1991-nji ýylyň maý aýynda döredilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işi Garaşsyz Watanymyzyň täze taryhy bilen berk baglanyşyklydyr.
Şu ýyl ýurdumyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahaty geçirildi.
Foruma Russiýa Federasiýasynda, Eýran Yslam Respublikasynda, Birleşen Arap Emirliklerinde, Germaniýa Federatiw Respublikasynda, Türkiýe Respublikasynda, Saud Arabystany Patyşalygynda, Gazagystan Respublikasynda, Täjigistan Respublikasynda, Owganystanda we beýleki ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, Watanymyzyň dürli künjeklerinden gelen ildeşlerimiz gatnaşdylar.
Daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Daşary ýurtly watandaşlarymyz bilen alnyp barylýan gatnaşyklaryň mazmuny we ugurlary ýyl-ýyldan artdyrylýar. Ylym, bilim, medeniýet, sungat, neşirýat işi, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, sport, telekeçilik ýaly ugurlardaky gatnaşyklar işjeňleşdirilýär.
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti, Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, milli Garaşsyzlygymyz bütin dünýäniň türkmenlerini bir bitewi ynsanperwer gurama jemlemäge, Ýer ýüzüniň ençeme ýurdunda ýaşaýan watandaşlarymyzyň wekillerini uly hem döwletli maslahata ýygnamaga mümkinçilik berdi.
Häzirki wagtda daşary ýurtlaryň ençemesinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň bölümleri hereket edýär. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurtlardaky bölümlerinde türkmeniň milli baýramçylyklaryny, Türkmenistanyň teklibi esasynda ykrar edilen halkara derejesindäki şanly seneleri giňden bellemek, olara bagyşlap, dürli çäreleri guramak ýola goýuldy. Bu bölümleriň agzalary Watanymyz bilen ýakyn aragatnaşyk saklap, Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistanda alnyp barylýan ägirt uly özgertmeleri, türkmeniň milli medeniýetini we däp-dessurlaryny öz ýaşaýan ýerlerinde wagyz edýärler. Şeýle hem ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenler bilen iş alyp barýarlar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda dünýä türkmenleriniň wekillerinden hem Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen belent ada, döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlar ýa-da Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileri bolanlar, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň «Ynsanperwerligiň sarpasy» atly nyşany bilen sylaglananlar örän köpdür.
Şu maslahatda hem DTYB-nyň has tapawutlanan agzalary, şol sanda daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri «Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşany bilen sylaglanyldy.
Umuman, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän asylly ýörelgelere eýerilip, dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan türkmen doganlarymyz bilen gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak babatda uly işler alnyp barylýar.
Jeren ŞAGULYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.