“Star of the Seas” ýagny “Deňiz ýyldyzy” atly kruiz gämisi “Royal Caribbean” kompaniýasynyň flotuna resmi taýdan goşuldy. Gurluşygyna iki ýyl gerek bolan gämi awgust aýynda Florida ştatynyň Kanaweral portuna eltiler we ilkinji ýolagçylaryna garaşar. Bu gämi deňze çykjak dünýäniň iň uly gämisi bolar.
Ägirt uly laýner iň uly umman gämileriniň “Icon” synpyna degişlidir. Bu gämi ýigrimi gatly bina barabar bolup, hatara goýulsa, takmynan 3,5 futbol meýdançasyna deň bolar. Bu öz synpyndaky ikinji gämi, 2024-nji ýylda suwa goýberilen “Icon of the Seas”-den 0,07 metr uzyn.
Gämide 20 paluba bolup, olaryň 18-si ýolagçylara niýetlenendir. 8 “etrabynda” dynç alyp bolýan gäminiň 40-dan gowrak naharhanasy we garbanyşhanasy bar. Gämi 7600 ýolagçy orunlyk bolup, 2350 ekipažy bar. Uzynlygy 365 metr, ini 66 metr bolan bu gämide 30 müň 500 ösümlik ösýär.
Şeýle hem onda köp sanly attraksionlar we dynç alyş ýerleri bar: sanly proýeksiýaly buz meýdançasy, köp ugurly teatr, akwateatr, gezelenç meýdançalary, 7 basseýn, maşgala we ulular üçin işjeň dynç alyş zolaklary bar. Mundan başga-da, gäminiň esasy aýratynlyklaryndan biri alty sany dagjagazly akwaparkdyr. Myhmanlar adaty, 14 metrlik kaýutalardan başlap, 10 esse uly lýuks otaglara çenli dürli ululykdaky 2805 otagda ýerleşýär.
Gäminiň ilkinji syýahaty 31-nji awgustda bolar.