Hytaý kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen dünýäde ilkinji alty tonnalyk aýlawly “Lanying R6000” uçary Siçuan welaýatynda ilkinji synag uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy. Bu barada “Global Times” gazeti habar berýär.
Bu uçuş apparaty dikligine uçup-gonmak (VTOL) tertibi bilen ýokary tizlikli gorizontal uçuş tertibiniň arasyna bökdençsiz geçmäge ukyplydyr. Onuň iň ýokary tizligi sagatda 550 kilometre ýetýär. Bu görkeziji adaty dikuçarlaryňkydan iki esse ýokary bolup, uçuş aralygy 4000 kilometre çenli ýetýär.
“Lanying R6000” daglyk we kenarýaka sebitlerinde ulanmak üçin niýetlenendir, bu ýerde ol syýahat wagtyny ep-esli azaldyp biler. Şeýle hem, ony gözleg we halas ediş işlerinde, ýangyn söndürmekde, polisiýanyň gözegçiliklerinde we tebigy betbagtçylyklaryň netijelerini aradan aýyrmakda ulanmak meýilleşdirilýär.
Hytaýyň Raýat awiasiýasy müdirliginiň çaklamalaryna görä, ýurduň pes belentlikden uçýan awiasiýa boýunça bazary 2035-nji ýyla çenli 499,5 milliard ABŞ dollaryndan geçip biler.