Koreýa Respublikasy emeli aňyň (EA) howpsuz ulanylyşyny düzgünleşdirýän ählitaraplaýyn kanunyň güýje giren ilkinji ýurdy boldy. Bu barada “Yonhap” agentligi habar berýär.
“Emeli aňy ösdürmek we oňa bolan ynamyň binýadyny kemala getirmek hakyndaky esasy kanun” atly resminama dürli kadalaşdyryjy namalaryň ýygyndysy däl-de, dünýäde ilkinji “hemmetaraplaýyn kanundygyny” aýratyn bellenilýär. Resminama tehnologiýa kompaniýalarynyň boýun bolmaly generatiw emeli aň modelleriniň önümlerine bolan hukuk çäklerini we talaplaryny, şeýle hem düzgün bozmalary üçin jerimeleri öz içine alýar.
Hususan-da, generatiw modeller tarapyndan döredilen kontent degişli “suw belligi” (watermark) bilen bellenilmelidir. Kanuna laýyklykda, kompaniýalar öz hyzmatlarynyň emeli aňa esaslanýandygy barada potensial müşderilere habar bermäge, şeýle hem olaryň howpsuzlygy barada alada etmäge borçludyrlar.
Agentligiň belleýşi ýaly, emeli aňyň kömegi bilen döredilip bilinjek “dipfeýkleriň” we adaty “ýalan habarlaryň” ýaýradylmagy bilen bagly meseleleri çözmekde ýuridik şahslaryň we işläp düzüjileriň üstüne has uly jogapkärçilik düşýär. Şol bir wagtyň özünde, häkimiýetler şeýle hukuk bozulmalary bilen bagly işleri derňemäge hukuk aldylar.
Mundan başga-da, kanun halkara tehnologiýa kompaniýalarynyň hyzmatlaryndan ýurtda günde 1 milliondan gowrak adam ulanýan bolsa ýa-da olaryň girdejisi 10 milliard won (6,8 million amerikan dollary) bolsa, Koreýa Respublikasynda bölümlerini açmagy borçly edýär. Eger kompaniýa öz hyzmatlaryny Koreýa Respublikasynda hödürleýän bolsa we onuň bütin dünýädäki ýyllyk girdejisi 1 trillion won (681 milion amerikan dollary) bolsa, bu şert olara hem degişlidir. Bu talaplara “OpenAI” we “Google” kompaniýalary gabat gelýär. Häkimiýetler geçiş döwri üçin bir ýyl wagt bermegi meýilleşdirýärler, bu wagtyň dowamynda kanun bozulmalary üçin jerimeler ulanylmaz.