2025-nji ýylyň iň köp ulagly ýollary bolan şäherleriniň reýtinginiň liderleri Mehiko, Dublin, Lima we Bangkok boldy. Bu barlaglary Niderlandlaryň nawigator öndürýän “Tom-Tom” kompaniýasy geçirdi.
Bilermenler 500-e golaý şäherdäki ýagdaýy seljerip, ýollaryň dyknyşyk derejesini, ortaça hereket tizligini, 15 minutda geçmek mümkin bolan aralygy, şeýle hem sürüjileriň ýylyň dowamynda dyknyşyklarda geçirýän wagtyny hasapladylar.
Barlagyň netijelerine laýyklykda, Mehikoda sürüjiler ýolda, erkin hereket wagtyndakydan 75,9% köp wagt geçirýärler. Ondan soňky orunlarda Hindistanyň Bengalor (74,4%) we Dublin (72,9%) şäherleri gelýär. Iň pes dyknyşyk derejesi Amerikanyň kiçi şäherlerinde hasaba alyndy.
Hereketiň iň pes ortaça tizligi Kolumbiýanyň Barrankilýa şäherinde hasaba alyndy, ol ýerde bu görkeziji sagatda 16,4 kilometrden ýokary geçmeýär. Ikinji orny London (sagatda 16,5 kilometr) eýeleýär. Şol bir wagtda Kaliforniýanyň Fresno şäherinde bu san sagatda 68 kilometre ýetýär.
Barrankilýada we Londonda 15 minutda 4,1 kilometr ýol geçip bolýan bolsa, bu görkeziji Fresnoda 17 kilometr. Dyknyşyklarda iň köp wagty Perunyň Lima şäheriniň ýaşaýjylary geçirýärler – 195 sagat, Dublinde — 191 sagat, Mehikoda — 184 sagat.