Halkara aeroportlar geňeşi dünýäniň iň gowy howa menzilleriniň täze sanawyny mälim etdi. Şeýlelikde, dürli ugurlarda “The Airport Service Quality Award” atly baýraklar gowşuryldy. Her ýylda 40 milliondan köp, 25-40 million aralygyndan ýolagçyny kabul edýän hem-de hasaba alyş, söwda, nahar hyzmatlary, aeroportyň içindäki gatnaw ýaly dürli hyzmatlary bilen müşderileriň göwnünden turýan aeroportlar üçin aýratyn sanaw düzüldi.
Iň köp ýolagçyly howa menzilleriniň arasynda Hindistanyň Mumbaý şäherindäki Çatrapati Şiwaji Maharaj aeroporty birinji bolupdyr. Bu ýurduň paýtagtyndaky Indira Gandi aeroporty ikinji, Hytaýyň Guançžou-Baýun howa menzili üçünji bolupdyr.
Hytaýyň Şanghaý şäherindäki täze aeroporty Pudun dördünji, Şençžen şäherindäki Şençžen-Baoan aeroporty ilkinji bäşligi jemläpdir.
Sanawa dünýäniň iň meşhur howa menzilleriniň biri bolan Singapuryň Çangi aeroporty, Rim şäherindäki Fýumiçino aeroporty, Stambulyň täze howa menzili, Tehas ştatyndaky Dallas/Fort Wort aeroporty we Kaliforniýa ştatyndaky San-Fransisko aeroporty giripdir.
25-40 million aralygynda ýolagçy kabul edýän howa menzillerniň arasynda Günorta Koreýanyň Seul şäherindäki Gimpo halkara aeroporty, Pekiniň Dasin aeroporty, Gresiýanyň Afiny aeroporty, Ispaniýanyň Palma aeropoty, Şweýsariýanyň Sýurih aeroporty, ABŞ-nyň Detroýt aeroporty we Minneapolis/Sen-Paul aeroporty bar.
Stambul (Türkiýe), Kuala-Lumpur (Malaýziýa), Basin (Hytaý), Sultan Hasanuddin (Indoneziýa), Jogýakarta (Indoneziýa), Belgradyň Nikola Tesla adyndaky aeroporty (Serbiýa) we Milan-Bergamo (Italiýa) aeroportlary dünýäde müşderilere hödürlenýän hyzmatyň ýokarylygy bilen tapawutlanyp, bu sanawa girmäge hukuk gazanypdyrlar.