Gonkongyň “Greater Bay Airlines” (GBA) kompaniýasy ABŞ-nyň “Boeing” kompaniýasy bilen 15 sany “737-9” uçaryny almak üçin şertnama baglaşdy. Şeýle hem şertnamada uzak aralyga howa gatnawlaryny amala aşyrmak üçin 5 sany “787 Dreamliners” uçarynyň alynmagyny hem öz içine alýar. “Boeing 737-9” uçarlary Gonkong bilen Hytaýyň kontinental böleginiň arasynda hem-de beýleki Aziýa şäherleri bilen täze gatnawlary ýola goýmagyna ýardam berer. GBA çykdajylaryny azaltmak hem-de ýaýrawyny giňeltmek üçin has uzak aralyga gidýän we köp ýolagçy orunluk bu uçarlardan peýdalanmak isleýär.
Häzirki wagtda kompaniýa “Boeing” uçarlary arkaly Bankok, Taipeý, Seul we Tokýo şäherlerine halkara gatnawlary amala aşyrýar. Kompaniýa ýolagçy sanyny we uçýan şäherleriniň sanawyny giňeltmegi meýilleşdirýär.
Kompaniýanyň täze satyn aljak uçarlary ýangyjy az sarp etmek arkaly hem çykdajylary azaltmaga, hem-de howa ýetirilýän zyýany azaltmaga ýardam eder.