Beýik Britaniýanyň konsalting kompaniýasy “Skytrax” geçen 2024-nji ýylda dünýäniň iň gowy awiakompaniýalarynyň sanawyny düzdi. Sanawda “Qatar Airways” birinji orny eýeledi. Katar howa ýollary rahatlygy, iýmiti, güýmenjeleri, hyzmaty we häzirki zaman awiaparky üçin öwgä mynasyp boldy.
Ikinji orny üýtgeşik hyzmatlary bilen adygan “Singapore Airlines” eýeledi. Şeýle hem bu awiakompaniýanyň “Scoot” atly düşewüntli golçur howa ýollary bar.
“Emirates” ilkinji iki orundakylardan köp, ýagny 152 ugra uçuş hödürläp, üçünji orny eýeledi. Gatnawyň esasy merkezi Dubaý howa menzilidir.
Şeýle-de ilkinji onluga Ýaponiýanyň 72 ýyllyk taryhy bilen tanalýan iň uly “ANA All Nippon Airways” awiakompaniýasy, Gonkongyň “Cathay Pacific Airways”-i, 300-den gowrak ugra uçýan “Turkish Airlines”, Taýwanyň “EVA Air”-sy, “Air France” we “Lufthansa Group”-a girýän “Swiss International Air Lines” girdi.
“Skytrax” awiakompaniýalara ýolagçylar üçin amatlylygy we hyzmatynyň hili ýaly dürli ölçegler boýunça baha berdi.