«National Geographic» žurnaly gezelenç etmek üçin dünýäniň iň gowy ýerlerini saýlady. «Best of the World» atly sanawa jemi 20 ýer girizilipdir. Sanawda dünýäniň dürli ýerlerinden – Ýewropadan, Afrikadan, Aziýadan, Amerikadan we Okeaniýadan muzeýler, sungat merkezleri, seýilgähler we beýleki ýerler bar. Neşiriň dünýäniň dürli ýerlerinde zähmet çekýän redaktorlary, ýazyjylary we suratçylary gidip göreniňe degýän merkezleri saýlandyklaryny belleýärler. Olaryň arasynda Marokkodan, Mongoliýadan, Nýu-Orleansdan, Täze Zelandiýadan dürli desgalar bar. Jahankeşdeler bu ýerlere gezelenç edenlerinde, dürli däp-dessurlar, taryhy ýadygärlikler, eserler bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar. Sanawda belli bir tertip bilen däl-de, her yklymdaky ýerler aýratynlykda görkezilipdir.
Olaryň arasynda Waşingtondaky Foljeriň Şekspir kitaphanasy, Grenadada, Karib deňzindäki Molinere suwasty heýkel seýilgähi, Mongoliýadaky Çingiz han muzeýi, Londondaky Battersi seýilgähi bar. Şeýle hem Stambuldaky «Modern» muzeýi, Kanadanyň Ontario şäherindäki Kanoe muzeýi, Ispaniýanyň Madrid şäherindäki Patyşalyk kolleksiýasy galereýasy, Hindistanyň Bangalor şäherindäki Sungat we fotografiýa muzeýi we Hytaýyň Guançžou şäherindäki Sungat muzeýi bar. Sanawa desgalardan başga-da şäherleriň, adalaryň we syýahatçylyk ugurlarynyň atlary hem girizilipdir.
Maral AMANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
PDF









