«Orbit Fab» hem-de «ClearSpace» atly kompaniýalar atmosferanyň daşynda Ýeriň orbitasynda ýangyç bekedini gurmak üçin taslama taýýarlaýar. Bu iki kompaniýa Birleşen Patyşalyk tarapyndan maliýeleşdirilýän Kosmos zibilini işjeň aýyrmak (ADR) atly taslamanyň çäklerinde guruljak beket kosmosda alnyp barylýan işleri ep-esli ýeňilleşdirer. «Orbit Fab»-yň ýolbaşçysy Daniýel Faber müşderileriniň kosmos bekedinden ýangyç satyn alyp biljekdiklerini we bu ýangyjyň «ClearSpace» kompaniýasy tarapyndan müşderä eltilip beriljekdigini aýtdy. Şeýle hem Faber kosmosa ýangyç daşamak üçin raketa işläp taýýarlajakdyklaryny, geljek iki ýylda ýangyç platformasyny orbita çykarjakdyklaryny belledi.
Şweýsar kompaniýasy bolan «Orbit Fab» häzirki wagtda awtomat usulda kosmos beketlerine birigýän ýangyç guýujy enjamlary öndürýär. «ClearSpace» kompaniýasy bolsa, kosmos zibillerini (ulanyşdan galan ululy-kiçili dürli enjamlaryň galyndylary) arassalamakda gazanan tejribesini täze taslamada peýdalanar.
PDF









