«Conde Nast Traveler» atly syýahatçylyk žurnaly dünýäniň iň gowy howa menzilleriniň sanawyny taýýarlady. Neşir her ýylda «Okyjylaryň saýlawy» ady bilen dünýäniň iň halanýan howa menzilleriniň sanawyny düzýär. Bu ýylky pikir soralyşyga dünýäniň 800 müňden gowrak okyjysy ses beripdir. Okyjylar diňe howa menzillerini saýlaman, eýsem, myhmanhanalara, syýahatçylyk obalaryna, şäherlere, ýurtlara, adalara, şypahanalara, otlulara hem baha berýärler.
Sanawda Singapuryň halkara howa menzili birinji ýeri eýeledi. Bu howa menzili 89,58 göterim bal alypdyr. Ikinji ýere Stambulyň täze howa menzili mynasyp boldy. Tokio Narita, Seul Inçhon, Doha, Dubaý, Marrakeş, Afiny, Sýurih, London Hitrou howa menzilleri degişlilikde ilkinji orunlary eýeläpdir.
«Conde Nast» brendi syýahatçylyk pudagynda dünýäniň öňdebaryjy brendi hasaplanýar. Merkezi edarasy Nýu-Ýorkda we Londonda ýerleşýän «Conde Nast» Hytaý, Fransiýa, Germaniýa, Hindistan, Italiýa, Ýaponiýa, Meksika we Russiýa ýaly jemi 32 ýurtda hyzmatdaşlary bilen iş alyp barýar.
Tawus Hojanepesowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.