Germaniýanyň Ştuttgart şäherinde geçirilen auksionda 1954-nji ýylda öndürilen “Mercedes W196 Streamliner” ulagy 51 million 155 müň ýewro satyldy. Şeýlelikde ulag häzire çenli iň gymmat bahadan satylan “Formula 1” ulagy boldy.
Bu ulagy “Formula 1”-de bäş gezek dünýä çempiony bolan, argentinaly Huan Manuel Fanhio hem-de britaniýaly ussat pilot Stirling Moss ulanypdy.
Ştuttgartdaky “Mercedes-Benz” muzeýinde guralan söwdada “W196 Streamliner”ozalky iň gymmat “Formula 1” ulagyndan iki esse töweregi gymmada satyldy.
1954-nji ýylda bary-ýogy 4 sanysy öndürilen bu model awtoulag sportlary taryhynda uly orun eýeleýär. 1955-nji ýylda Huan Manuel Fanhio Argentina “Grand Prisinde” bu ulag bilen pellehana birinji bolup gelipdi. Stirling Moss bolsa şol ýyl Italiýada geçirilen “Grand Pride” iň ýokary tizlikde gidipdi.
Auksionda ulaga 20 million ýewro başlangyç nyrhy kesildi. Garaşylýan baha bolsa 50 million ýewrody. Rekord derejedäki teklibi auksiona telefon bilen gatnaşan alyjy berdi. Alyjynyň ady mälim edilmedi.