Halkara bilermenler düzülen topary agzalary ýagtylygy ölçemek üçin has ösen gural döretdiler. Optiki spektrometriýa atly bu açyş ylymyň dürli ugurlarynda öňegidişlik gazanmaga mümkinçilik berer. Täze enjam dürli enjamlaryň – smartfon kameralaryndan başlap, daşky gurşawa gözegçilik etmek üçin enjamlara çenli dürli ugurlarda netijeliligi ýokarlandyrar. Gözlegiň çäginde alymlar mikroçipe gabat gelýän we emeli intellektiň kömegi bilen dolandyrylýan güýçli aşa kiçi spektrometri döretdiler. Munuň üçin inženerler ultra inçe materiallaryň täze synpyny iki ölçegli ýarymgeçirijileri ulandylar. Alnan spektrometr önümiň hiline gözegçilik etmek, howpsuzlyk sensorlaryny, biolukmançylyk enjamlary we bu ugurdaky dürli ölçegleri kämilleşdirmek üçin ulanylar. Täze spektrometr aýratyn optiki we mehaniki komponentleriň ýygnalmagyny ýa-da ýagtylygy dargatmak we süzmek üçin matrisanyň dizaýnyny talap etmeýär. Mundan başga-da, onuň çözgüdi iş stoly ulgamlaryna meňzeýär, ýöne has kiçi göwrümdedir.

Spektrometrler ýagtylygyň intensiwligini dürli tolkun uzynlyklarynda ölçäp, nusga kesgitlemek we material aýratynlyklary üçin köp pudaklarda we ylymyň ähli ugurlarynda örän peýdalydyr.

 Atamyrat Ataýew, Türkmenistanyñ Inžener tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy